Ï Türkmen oba hojalyk instituty talyplary ylmy taslamalaryň halkara bäsleşigine çagyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen oba hojalyk instituty talyplary ylmy taslamalaryň halkara bäsleşigine çagyrýar

view-icon 1794
Türkmen oba hojalyk instituty talyplary ylmy taslamalaryň halkara bäsleşigine çagyrýar

Türkmen oba hojalyk instituty Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly» atly halkara ylmy-taslamalar bäsleşigine gatnaşjaklary kabul etmegini dowam edýär.

Bäsleşigiň maksady talyplary BMG tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryndan gelip çykýan möhüm oba hojalyk wezipelerini özbaşdak çözmäge höweslendirmek arkaly olaryň ylmy pikirlenişini, barlag geçiriş başarnyklaryny hem-de döredijilik ukyplaryny ösdürmekden ybaratdyr.

Bäsleşigiň esasy wezipeleri oba hojalygynyň durnukly ösüşi babatda bilimlerini giňeltmek, oba hojalyk wezipeleri çözülende ylmy çemeleşmeleri ulanmak, mesele döredýän häsiýetli emele gelýän ýagdaýlary ýüze çykarmakda, seljermek we dessine hötdesinden gelmekde talyplaryň başarnyklaryny ösdürmek, oba hojalyk pudagy üçin innowasion we amaly çözgütleri döretmek, şeýle hem talyplaryň tebigy ylymlara, tehnologiýalara, inženeriýa we STEM-çemeleşmäniň esasynda matematika bolan gyzyklanmalaryny artdyrmak bolup durýar. 

Bäsleşik 12–13-nji noýabrda bir tapgyrda türkmen, iňlis we rus dillerinde geçiriler.

Çäre oba hojalygyny durnukly ösdürmek hem-de BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň çäklerinde suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak boýunça wezipeleriň durmuşa geçirilmegine ýardam bermäge gönükdirilendir.

Şulardan ugur alnyp, bäsleşik aşakdaky üç ugurlar boýunça geçirilýär:

– Oba hojalyk taslamalary;

– IT-taslamalar;

– Işewürlik taslamalary.

Bir işiň awtory hökmünde bir talyp ýa-da talyplaryň topary (iki adamdan köp bolmadyk) çykyş edip biler. Bäsleşige gatnaşyjylaryň wezipesi saýlanylan ugur boýunça ylmy-taslama işi taýýarlamakdan hem-de onlaýn görnüşinde bäsleşigiň eminleriniň öňünde ony tanyşdyrmak bilen çykyş etmekden ybaratdyr.

Awtorlyk işlere esasy ugurlaryň 6-sy: wajyplygy, täzeçilligi, mazmunlylygy, köpçülikleýin häsiýetliligi, dowamatlylygy, daşky gurşawa täsiri boýunça baha berler.

Talyplaryň netijeleri işlere baha berilişiniň hemme görkezijileri boýunça toplanan utuklaryň jemi esasynda kesgitlener. Bäsleşigiň ýeňijileri institutyň rektorynyň adyndan I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanarlar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänler 6-njy noýabra çenli tohi.tm.info@gmail.com elektron salga gatnaşmak baradaky haýyşnamany hem-de ýokary okuw mekdebiň saýtynda ýerleşdirilen goşunda laýyklykda özi baradaky maglumatlary ibermelidirler, şeýle hem bu saýtda bäsleşik barada goşmaça maglumatlar elýeterlidir.