Ï Ekologiýa boýunça V Açyk halkara internet-olimpiadasy geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ekologiýa boýunça V Açyk halkara internet-olimpiadasy geçiriler

view-icon 102
Ekologiýa boýunça V Açyk halkara internet-olimpiadasy geçiriler

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny ekologiýa boýunça V Açyk halkara internet-olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar.

Bäsleşige ýokary okuw mekdeplerinde okaýan hünärine we ýylyna garamazdan, islän talyplar gatnaşyp biler.

Olimpiada 27-nji noýabrda özbaşdak bäsleşikler (şahsy bäsleşik) görnüşinde geçiriler. Gatnaşyjylara populýasion ekologiýa we biosfera; adam ekologiýasy we häzirki zaman ekologiýa meseleleri; senagat ekologiýasy; ekologiýa gözegçiligi (monitoring); ekologiýa kanunçylygy we halkara guramalar ýaly ugurlar boýunça ýumuşlar hödürleniler.

Ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin bäsleşige gatnaşyjylara 90 minut wagt berler. Olimpiada türkmen, rus we iňlis dillerinde alnyp barlar.

Olimpiada zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga we goldamaga, talyplaryň döredijilik mümkinçiligini artdyrmaga, olaryň ylymlara hem-de ylmy barlaglara bolan gyzyklanmasyny höweslendirmäge, ýaşlaryň arasynda ekologiýa sowatlylygy ösdürmäge, şeýle hem ylym we bilim ulgamynda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň özara gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilendir.