Ï «Ahal» futbol topary «Altyn asyr» topardan arany azaldýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Ahal» futbol topary «Altyn asyr» topardan arany azaldýar

view-icon 3657
«Ahal» futbol topary «Altyn asyr» topardan arany azaldýar

Aşgabatda Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň toparlarynyň arasynda geçýän futbol çempionatynyň 24-nji tapgyry «Köpetdag» bilen «Ahal» toparlarynyň arasyndaky duşuşyk bilen başlandy.

Duşuşyk «Köpetdag» stadionynda geçdi.

Ondan öň toparlar häzirki milli birinjilikde üç gezek duşuşypdylar. Şol duşuşyklaryň ählisinde hem «Ahal» topary ýeňiş gazanypdy: 4:0, 3:0 we 2:0.

Garşydaşlaryň dördünji duşuşygy hem Türkmenistanyň wise-çempionynyň ep-esli artykmaçlygy bilen geçdi. «Ahal» topary 18-nji minutda Alybek Abdyrahmanowyň tagallasy bilen hasaby açdy. Arakesmä çenli «Ahal» toparynyň kapitany Elman Tagaýew 33-nji minutda jerime urgusyny netijeli ulanyp, hasaby iki esse artdyrdy.

47-nji minutda Orazmuhammet Işangulyýew tapawudy bir topa çenli azaltdy – 1:2 hasabynda. Ýöne 76-njy minutda E.Tagaýew ýene-de bir top geçirdi we toparynyň artykmaçlygyny ýene-de iki topa ýetirdi – 3:1 hasabynda. Duşuşygyň soňky hasabyny – 4:1 «Ahal» toparynyň peýdasyna «Köpetdag» toparynyň oýunçysy Jumamyrat Jumaýew 84-nji minutda öz derwezesine salan goly bilen tassyklady.

Bu ýeňişden soňra «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň topary 22 oýundan 40 utuk bilen ikinji orunda barýan «Altyn asyr» toparyndan utuk aratapawudyny 1 utuga çenli azaltdy. Şol bir wagtda «Ahal» topary bir oýun az oýnady.

Şeýlelikde, kümüş medallar ugrundaky göreş heniz öňde. Altyn medallar bolsa üçünji gezek möhletinden öň çempionlyk adyny alan «Arkadag» futbol topara gowuşdy.