15–17-nji oktýabr aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýeti Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň çäklerinde «Lu Banyň ussahanasyny» döretmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin türkmen ýokary okuw mekdebinde iş saparynda boldy.
Hytaýly wekiliýetiň düzümine Sian nebit uniwersitetiniň, Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň hem-de «Shangqi, Ltd.» и «TechMax Intelligence Technology Co., Ltd.» kompaniýalarynyň wekilleri girdiler.
Hytaýdan gelen wekiliýetiň sapary Sian şäherinde (HHR) geçen ýylyň oktýabrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Sian nebit uniwersitetiniň, Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň, Hytaýyň milli «CNPC» nebitgaz korporasiýasynyň, Hytaýyň bilim ulgamda halkara alyşmalar boýunça assosiasiýasynyň arasynda Türkmenistanda «Lu Banyň ussahanasyny» döretmek boýunça gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde geçirildi.
Saparyň dowamynda hytaý tarapy uniwersitetiň çäklerinde «Lu Banyň ussahanasyny» döretmek üçin bölünip berlen ýerdäki meýdançada abatlaýyş işleriniň barşy bilen giňişleýin tanyşdy. Çäräniň çäklerinde hytaýly kärdeşler türkmen ýokary okuw mekdebiniň wekilleri bilen bilelikdäki taslamanyň jikme-jikliklerini ara alyp maslahatlaşdylar, öz pikirlerini paýlaşdylar hem-de «Lu Banyň ussahanasynyň» işe girizilmegi we onuň barlaghana enjamlary bilen üpjün edilmegi babatda degişli tekliplerini berdiler.
Saparyň çäklerinde gatnaşyjylaryň iş maslahaty geçirilip, onda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan wezipelerine we geljekki meýilnamalara garaldy.
Ikitaraplaýyn duşuşygyň dowamynda «Lu Banyň ussahanasyny» döretmek boýunça alnyp barylýan gurluşyk-abatlaýyş işleriniň bellenilen talaplara laýyklykda amala aşyrylýandygy hem-de ýakyn wagtda tamamlanjakdygy nygtaldy.
Ýokary okuw mekdebiň myhmanlary bilelikde amala aşyrylýan taslamanyň bilim we ylym ulgamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmek ýolunda nobatdaky möhüm ädime öwrüljekdigini kanagatlanma bilen bellediler. Türkmenistanda «Lu Banyň ussahanasynyň» döredilmeginiň köp babatda innowasion tehnologiýalaryň depginli ösýän şertlerinde ýokary derejeli hünärmenleri, çuňňur bilimlere, hünär başarnyklaryna eýe bolan inženerleri, tehnologlary taýýarlamaga ýardam berjekdigi nygtaldy.