Ï Täze okuw kitaplary neşir edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze okuw kitaplary neşir edildi

view-icon 362
Täze okuw kitaplary neşir edildi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň teklibi esasynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň ýokary we orta okuw mekdepleri üçin täze okuw kitaplary çap edildi.

Ýakynda neşir edilen «Oba hojalyk önümçiligini guramak we dolandyrmak» diýen kitap ýokary okuw mekdepleriň talyplary üçin Ş.Permanowa we S.Garaýewa tarapyndan taýýarlanyldy.

Kitap girişden hem-de 32 bapdan ybarat bolup, onuň ahyrynda peýdalanylan edebiýatlaryň sanawy getirilýär.

Kitapda oba hojalygyny guramagyň nazary esaslary, önümçiligi ýöriteleşdirmek, ony meýilleşdirmek, içerki hojalyk hasaplaşyklary, kärende gatnaşyklaryny, kömekçi we hyzmat ediş hojalyklary guramak, oba hojalyk tehnikalaryny işe taýýarlamak boýunça doly maglumatlar berilýär.

Mundan başga-da, kitapda oba hojalyk önümçiligini guramagyň we dolandyrmagyň kanunalaýyklyklaryny, şeýle hem eýeçiligiň islendik görnüşinde hojalygy ýöretmegiň dürli ýollaryny we usullaryny beýan edýän zerur maglumatlar ýerleşdirilipdir. Munuň özi bu neşiriň bilim taýdan gymmatlygyny goşmaça artdyrýar.

 «Çagalarda ýürek keselleri» at bilen täze okuw gollanmasy lukmançylyk ugurly okuw mekdepleriniň talyplaryna niýetlenendir. Gollanma T.Saryýewa, Ý.Ýawan, O.Annaberdiýewa dagy tarapyndan taýýarlanypdyr. 

Kitap 6 baby özünde jemläp, olarda rewmatik däl miokarditler, doga ýürek keseller, miokardiodistrofiýalar, kardiomiopatiýalar, ýürek ýetmezçiligi hem-de çagalaryň rewmatik lihoradkasy barada gymmatly maglumatlar ýygnalypdyr. 

Okuw gollanmasy keselleri ýüze çykarmak we bejermek, hassalary dikeltmek, şeýle hem çagalaryň ýürek kesellerinde dispanser gözegçiligi baradaky meselelere bagyşlanypdyr. Gollanma türkmen lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary üçin bolşy ýaly, ugurdaş orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary hem-de lukmançylyk ulgamynda işleýän ýaş hünärmenler üçin hem gymmatly ugur görkeziji bolup hyzmat eder. 

Ýene-de bir täze okuw kitaby – «Umumy biologiýa» tebigy ylymlar çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň 11-nji synp okuwçylaryna niýetlenendir. Kitap S.Durdyýew, Ş.Babanyýazowa, M.Öwlýägulyýewa hem-de J.Welihanowa tarapyndan taýýarlanyldy.

Biologiýa boýunça täze okuw kitaby okuwçylara öýjükleriň gurluşy, janly organizmleriň köpelişi we ösüşi baradaky temalary, nesilden-nesle geçijilik hadysalaryny, Ýer ýüzünde organiki dünýäsiniň özgerişiniň kanunalaýyklyklaryny, janly organizmleriň daşky gurşaw bilen özara baglanyşygyny has çuňňur öwrenmäge kömek eder.

Kitap girişden hem-de iri bölümleriň 4-sinden: «Janly tebigatyň düzümi we köpdürlüligi», «Öýjük – ýaşaýşyň esasy gurluş birligi», «Öýjügiň himiki düzümine girýän organiki maddalar», «Organizmleriň köpelişi we ösüşi» diýen bölümlerden ybaratdyr. Kitabyň bölümlerine 90 tema, şeýle hem öwrenilenleri berkitmäge gönükdirilen her tema degişli soraglar we ýumuşlar girizilipdir.

Bu okuw kitabyň mazmuny köp babatda ders, özbaşdak işlemek başarnyklaryny kemala getirmek, okuwçylarda tankydy pikirlenişi ösdürmek hem-de olaryň biologiýa bilen baglanyşykly möhüm wezipelere düşünmegini çuňlaşdyrmak boýunça bilimleri baýlaşdyrmaga ýardam berer.