Ï Daşkentde geçirilen okuw maslahatynda hünärmenler esasan suw boýunça möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşkentde geçirilen okuw maslahatynda hünärmenler esasan suw boýunça möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar

view-icon 668
Daşkentde geçirilen okuw maslahatynda hünärmenler esasan suw boýunça möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistan suw meseleleri boýunça öz çemeleşmelerini kemala getirip, sebit derejesinde suw serişdelerini gorap saklamak we oýlanyşykly peýdalanmak baradaky meseleleri çözmek ugrunda umumy ylalaşygy gazanmagy maksat edinýär. Ýurt soňky ýyllarda ýüze çykýan meselelere seslenip, suw meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyna işjeň goşulyşýar. 

Şeýle çemeleşmäniň ýene-de bir subutnamasy hökmünde ýakynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň «Blue Peace Central Asia» (BPCA) başlangyjynyň çäklerinde Daşkentde geçirilen «Merkezi Aziýada suw meseleleri» atly sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşmagyny görkezmek bolar.

Türkmenistanda suw serişdelerini dolandyrmak strategiýasynyň üstünliginiň köp babatda onuň barha oýlandyrýan meselelere seslenmegiň umumy ulgamyna ýakynlaşmak derejesine baglydygyny bellemek gerek. Şu babatda sebitleýin hyzmatdaşlyk, gürrüňsiz suratda, maglumatlaryň alşylmagynyň utgaşdyrylmagyny gowulandyrmaga, görülýän çäreler arkaly öňüni almaga hem-de olaryň döwlet ösüş meýilnamalary bilen sazlaşdyrylmagynyň hasabyna kämilleşmegine getirer.

 Maslahatyň işine sebitiň dürli suw hojalyk edaralarynyň we halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistana Döwlet suw hojalyk komitetiniň, Daşky gurşawy goramak,  Bilim ministrlikleriniň hünärmenleri, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar merkeziniň ylmy işgärleri hem-de beýleki alymlar wekilçilik etdiler.  

Umumy mejlislerde okuw maslahatyna gatnaşyjylar pikir alyşmalaryň dowamynda serhetüsti kiçi derýalary bilelikde dolandyrmagyň zerurdygy barada pikirlerini beýan etdiler, ýakyn ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan  ugurlaryny kesgitlediler.

Şeýle hem suw hojalyk edaralarynyň alymlary we hünärmenleri sebitiň suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak boýunça bilelikdäki hereketleriň esasy ugurlaryny bellediler, şonuň ýaly-da howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça çäreleri işläp düzdüler.