Ï Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary Saud Arabystan Patyşalygynda okuw saparynda boldular
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary Saud Arabystan Patyşalygynda okuw saparynda boldular

view-icon 1915
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary Saud Arabystan Patyşalygynda okuw saparynda boldular

2025-nji ýylyň 16-20-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary Saud Arabystan Patyşalygynyň Daşary işler ministliginiň ýanyndaky Şazada Saud Al-Faýsal adyndaky Diplomatik barlaglary institutynda okuw saparynda boldular. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.   

Okuw saparyň ilkinji gününde talyplar Diplomatik barlaglar institutynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar. Institutyň mugallymy Ahmed Al-Fayez Saud Arabystan Patyşalygynyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklary dogrusynda giňişleýin maglumat berdi.

Şeýle-de okuw saparynyň ikinji gününde doktor Khaled Ibrahim Al-Ali Saud Arabystan Patyşalygynyň daşary syýasaty barada talyplar bilen öz tejribesini paýlaşdy. Bu bolsa talyplara Saud Arabystan Patyşalygynyň döwlet maksatnamalary, ykdysady we medeni syýasaty bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döretdi.

Üçünji günde doktor Raja Al-Mazrouqi Saud Arabystan Patyşalygynyň “Vision 2030” atly maksatnamasy barada özüniň statistiki hem-de seljeriji maglumatlaryny paýlaşdy. Şeýle-de talyplara Saud Arabystan Patyşalygynyň döwlet ykdysadyýetinde, bilimde, tehnologiýada we jemgyýetde alyp barýan düýpli özgertmeleri barada giňişleýin maglumat berildi.

19-njy noýabrda institutyň mugallymy Leyla Al-Zahrani talyplara Saud Arabystan Patyşalygynyň syýahatçylygy we medeniýeti barada okuw sapagyny geçdi. Okuw sapagy ýurtda medeni mirasyny dünýa tanatmak boýunça geçirilýän işleri hem-de halkara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmekde alnyp barylýan tagallalary giňden açyp görkezdi.

Täsirli geçen okuw saparynyň çäginde "Al-Masmak" muzeýine, "Boulevard Riyadh" dynç-alyş seýilgähine, "Imam Turki bin Abdullah" gadymy metjidine gezelenç gurnaldy.

Okuw sapaklary tamamlanandan soňra, oňa gatnaşan talyplara degişli şahadatnamalar gowşuryldy.

Bu okuw kurslary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň Emir Saud Al-Faýsal adyndaky diplomatiýany öwrenmek institutynyň arasynda gol çekilen hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäklerinde geçirildi.