Ï «Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri» hakaton bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri» hakaton bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

view-icon 837
«Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri» hakaton bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri» hakaton bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Bäsleşik ýokary okuw mekdep tarapyndan ýurduň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirildi.

Bäsleşigiň baş baýragyna Türkmenistanyň IIM-niň institutynyň talyplar topary mynasyp boldy.

1-nji orny Türkmenistanyň Serhet institutynyň hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary eýelediler.

2-nji orny S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyplary paýlaşdylar.

3-nji orna Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň hem-de Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň toparlary mynasyp boldular.

Bäsleşik 18 – 19-njy noýabrda geçirildi. Onda 13 toparlar çykyş edip, şolaryň düzümine çärä gatnaşan ýurduň her ýokary okuw mekdebinden üç talyp girdi.

Hakaton «Ýeri uzak aralykdan zondirlemegiň häzirki zaman goemaglumat ulgamlarynyň maglumatlaryny we mümkinçiliklerini ulanmak bilen täze pikirleri öňe ilerletmek» diýen tema bagyşlandy.

Bäsleşige gatnaşyjylaryň öňünde geomaglumat ulgamyna degişli taslamalary, geoportal, web-serwis ýa-da mobil goşundy taýýarlamak wezipesi goýuldy.

Hakatonyň çäklerinde 4 sagadyň dowamynda toparlar häzirki zaman geomaglumat ulgamlary boýunça taslamalary döretmegiň üstünde yhlasly işlediler. Netijede, Ýeri uzak aralykdan zondirlemegiň geomaglumat ulgamlarynyň mümkinçiliklerini we maglumatlaryny ulanmaga esaslanan täze gyzykly çözgütler hem-de teklipler taýýarlanyldy. Çärä gatnaşyjylar çylşyrymly IT-wezipeleri çözmek we toparda işlemek başarnyklaryny mynasyp derejede görkezdiler.

Talyplaryň hakaton bäsleşigi zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň innowasion we döwrebap pikirlerini höweslendirmek we goldamak, ýaşlaryň döredijilik we ylmy mümkinçiligini ösdürmek, talyplaryň geomaglumat ulgamlaryny, Ýeri uzak aralykdan zondirlemegiň gurallaryny we tehnologiýalaryny ulanyp biliş başarnyklaryny kämilleşdirmek, olaryň bu ulgamda möhüm IT-wezipeleri çözmäge bolan gyzyklanmalaryny artdyrmak maksady bilen geçirildi.