Ï Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty talyplaryň arasynda ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli bäsleşikleri geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty talyplaryň arasynda ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli bäsleşikleri geçirdi

view-icon 1533
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty talyplaryň arasynda ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli bäsleşikleri geçirdi

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlap, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ders bäsleşiklerini geçirdi.

«Statistika» we «Elektrik maşynlar» dersleri boýunça bäsleşikler onlaýn görnüşinde 24-nji we 25-nji noýabrda geçirildi.

«Statistika» dersi boýunça bäsleşige ýurdumyzyň 20 ýokary okuw mekdeplerinden talyplaryň 60-sy gatnaşdylar. «Elektrik maşynlar» dersi boýunça bäsleşik türkmen ýokary okuw mekdepleriniň 14-sinden talyplaryň 70-sini bir ýere jemledi.

Bäsleşikleriň netijeleri boýunça baýrakly orunlary eýelän iň oňat talyplar Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň degişli derejeli Diplomlary bilen sylaglandylar.

Ders bäsleşikleri zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we höweslendirmek, talyplaryň ylymlary öwrenmäge bolan gyzyklanmalaryny artdyrmak, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arsynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek, şeýle hem bilim işine innowasiýalary ornaşdyrmak hem-de «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen geçirildi.