Ï Türkmen ýokary okuw mekdebinde okatmagyň STEM usulyýeti boýunça bäsleşigiň ýeňijileri sylaglandylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen ýokary okuw mekdebinde okatmagyň STEM usulyýeti boýunça bäsleşigiň ýeňijileri sylaglandylar

view-icon 1247
Türkmen ýokary okuw mekdebinde okatmagyň STEM usulyýeti boýunça bäsleşigiň ýeňijileri sylaglandylar

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda inženerçilik ugurly ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň arasynda okatmagyň STEM usulyýeti boýunça bäsleşik geçirildi.

Bäsleşigiň çäklerinde ýurdumyzyň mugallymlary oňa gatnaşyjylara nanotehnologiýalar, himiýa tehnologiýasy, energetika, biotehnologiýalar, oba hojalygy, maglumat-kommunikasiýa ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary we innowasion ykdysadyýet boýunça açyk sapaklary geçirmek arkaly okatmagyň STEM usulyýeti babatda özleriniň işläp taýýarlamalaryny görkezdiler.

Bäsleşigiň şertlerine görä, okuwlar okatmagyň interaktiw we sanly gurallarynyň, şeýle hem tema degişli görkezme esbaplaryň toplumynyň, kömekçi enjamlaryň we beýleki esbaplaryň ulanylmagy bilen geçirildi.

Bilim we inženeriýa ulgamynyň öňdebaryjy hünärmenlerinden we bilermenlerinden ybarat bolan eminler bäsleşige gatnaşyjylaryň çykyşlaryna wajyplyk, amaly ähmiýeti, sanly gurallary ornaşdyrmagyň netijeliligi we hödürlenilen usulyýet işläp taýýarlamalaryň özboluşlylygy ýaly ugurlar boýunça baha berdiler.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy Merýem Gurbanberdiýewa 1-nji orny eýeledi. Eminleriň pikirine görä, onuň usulyýet işläp taýýarlamasy STEM bilimiň çäklerinde nazary bilimleri amaly iş başarnyklar bilen neneňsi netijeli utgaşdyryp bolýandygynyň aýdyň nusgasyna öwrüldi.

2-nji orny Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy Serdar Meredow hem-de Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy Mirjan Şaripow paýlaşdylar.

Dünýägözel Çaryýewa (Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti), Arzygül Hydyrowa (S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti) we Tawus Mämmedowa (Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty) 3-nji orny eýelediler.

Ýeňijiler Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň diplomlary hem-de gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglandylar.

Inžener işgärleri taýýarlamakda häzirki zaman talaplaryna çuňňur düşünýändiklerini görkezen mugallymlaryň iň oňat usulyýet işläp taýýarlamalary ýurduň inženerçilik ugurly ýokary okuw mekdeplerinde hem-de hünärmentçilik mekdeplerinde öwrenmek we ýaýratmak üçin teklip ediler.

Bäsleşige Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň 11-siniň mugallymlary gatnaşdylar.

Bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanylan «Inžener ugurly ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň STEM usulyýetini tapgyrlaýyn ornaşdyrmagyň 2025-nji ýyl üçin Ýol kartasynda» göz öňünde tutulan çäreleriň meýilnamasynyň çäklerinde geçirildi.

Bäsleşigiň esasy maksady innowasiýalary öňe ilerletmekden we STEM bilimi ulgamynda mugallymlaryň iň oňat tejribelerini ýüze çykarmakdan, okatmagyň täze görnüşlerini we usullaryny ornaşdyrmakdan, mugallymlaryň arasynda tejribeleriň alyş-çalyşyny gazanmakdan, okuw işine häzirki zaman sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakdan ybaratdyr.

Bäsleşigiň öňýanynda çärä gatnaşan okuw mekdepleriň professorlarynyň, mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda umumy mejlisiň geçirilendigini bellemek gerek. Mejlisiň dowamynda bilim ulgamynda alnyp barylýan giň gerimli işlere hem-de gazanylan üstünliklere bagyşlanylan çykyşlar diňlenildi.

Häzirki zaman sanly maglumat-kommunikasion tehnologiýalarynyň ulanylmagy arkaly ýurduň talyplary üçin bilim mümkinçilikleriniň yzygiderli giňeldilýändigi, okatmagyň usulyýetleriniň üstünlikli kämilleşdirilýändigi, ýaşlaryň amaly ugurly başarnyklarynyň kemala gelýändigi, ylym we bilim ulgamynda türkmen ýokary okuw mekdepleriniň daşary ýurtlaryň öňdebaryjy uniwersitetleri we ylmy-barlag merkezleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigi barada aýdyldy.

Bilim bermek işine esasynda ylmy, tehniki, inžener we matematika dersleriniň utgaşdyrylmagy hem-de olaryň bir-biri bilen özara baglanyşykda okatmagyň STEM usulyýetini öwrenmek we ornaşdyrmak boýunça işleriň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Bu iş okatmagyň STEM usullaryny tapgyrlaýyn ornaşdyrmak boýunça «Ýol kartasynda» öňde goýlan wezipeler nazara alnyp, inženerçilik hünär ugurly ýokary okuw mekdeplerde işjeň alnyp barylýar. Munuň özi talyplaryň möhüm hünär başarnyklarynyň, tehnologiýalar boýunça sowatlylygynyň hem-de häzirki zamanyň tehnologiýalary bilen işlemek başarnyklarynyň kemala gelmegine ýardam bermäge gönükdirilendir.