Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda fizika dersi boýunça sanly ulgam arkaly V halkara olimpiada geçirildi.
Guramaçylykly we ýokary derejede geçirilen bu halkara çäresine Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bilen birlikde dünýäniň 14 döwletinden, ýagny, Russiýa Federasiýasyndan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Italiýadan, Rumyniýadan, Belarus Respublikasyndan, Türkiýe Respublikasyndan, Özbegistandan, Täjigistandan, Pakistandan, Hindistandan, Gyrgyzystan, Gazagystan we Azerbaýjan Respublikalaryndan talyplaryň 380 töweregi gatnaşdy. Şeýle bäsleşikleri Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk baýramynyň öň ýanynda geçirmekligiň däbe öwrülendigini, şu ýylky olimpiadanyň bolsa, hemişelik Bitaraplygymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ilkinji gezek ykrar edilmeginiň 30 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlanandygyny belläp geçmek buýsançlydyr.
Öňler ýurtlaryň 8 sanysyndan wekiller gatnaşan bu bäsleşige Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň halkara derejesinde giňden bellenilýän ýylynda olaryň sanynyň 14-e ýetmegi bu halkara olimpiadanyň meşhurlygynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Bu halkara olimpiadasyna gatnaşyjylaryň sanynyň artmagyna oňa gatnaşyjylar üçin ähli amatly şertleriň döredilmegi, bäsleşigiň ýumuşlarynyň türkmen, iňlis, rus dillerinde taýýarlanmagy bilen hem baglanyşyklydyr.
Guramaçylykly geçirilen bu ylym bäsleşigi oňa gatnaşyjylaryň ählisiniň hem taýýarlykly gelendiklerini görkezdi. Bäsleşige gatnaşyjylardan 19 talybyň iň ýokary netije görkezmegi ýokarda aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr. Bu olimpiadada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Ufa döwlet nebit-tehniki uniwersitetiniň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Nyzamy adyndaky Özbegistanyň milli mugallymçylyk uniwersitetiniň, Hytaý Halk Respublikasyndaky Hinjiang uniwersitetiniň, Täjigistanyň milli uniwersitetiniň, Belarus döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Memfis uniwersitetiniň, Azerbaýjanyň tehniki uniwersitetiniň we L.N.Gumilew adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetiniň talyplary ýokary bahalara mynasyp boldular.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilen bu halkara olimpiada diňe bir ýokary okuw mekdepleriniň özara gatnaşyklaryny berkitmekde möhüm ähmiýeti bolman, eýsem, oňa dünýäniň dürli künjeginden gatnaşan ýaşlaryň güneşli ýurdumyz bilen tanyşmaklary, bir-birek bilen dostlaşmaklary, pikir alyşmaklary üçin hem wajyp orna eýedir.
Ýurdumyzyň Gündogar sebitiniň merkezinde, berkarar Diýarymyzyň iň baýry ýokary okuw mekdepleriniň birinde geçirilen bu halkara olimpiada hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny ösdürmek, dünýä ülňülerine laýyk getirmek boýunça alyp barýan döwlet syýasatynyň dabaralanýandygyna, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek Konsepsiýasynyň» yzygiderli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.