«Ahal» toparynyň futbolçylary Türkmenistanyň Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän futbol boýunça çempionatynyň kümüş medallaryna mynasyp boldular. «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň topary milli birinjiligiň tamamlanmagyna bir tapgyr galanda, 27-nji tapgyryň duşuşygynda «Merw» toparyny 2:0 hasabynda ýeňip, ikinji orny eýelediler.
Duşuşyk Mary şäherindäki «Merw» stadionynda geçirildi.
Welsähet Öwezowyň şägirtleri duşuşygyň her ýarymynda bir pökgi geçirip, üstünlik gazandylar. Hasaby 33-nji minutda Nazar Towakelow açdy. Duşuşygyň 80-nji minudynda bolsa «Ahal» toparynyň kapitany Elman Tagaýew meýdança eýeleriniň derwezesine pökgi salyp, gutarnykly netijäni kesgitledi. Bu «Ahal» toparynyň kapitanynyň şu milli birinjilikde geçiren onunjy golydyr. Bu görkeziji bilen ol hüjümçileriň bäsleşiginde dördünji orny eýeleýär.
Ýatlatsak, soňky iki Türkmenistanyň çempionatynda iň köp pökgi geçiren, 26 gol bilen «Arkadag» toparynyň oýunçysy Didar Durdyýew hüjümçileriň bäsleşiginde öňdeligi saklaýar. Ol öz topardaşlary Begenç Akmämmedowdan we Altymyrat Annadurdyýewden degişlilikde 9 we 10 pökgi öňde.
«Ahal» futbol topary bu ýeňişden soň 55 utuk toplap, sekizinji gezek ýurdumyzyň çempionatynda kümüş medal gazandy.
Bürünç medallary bolsa, Türkmenbaşy şäherinde «Şagadam» toparyny 2:1 hasabynda ýeňmegi başaran «Altyn Asyr» toparyna üçünji gezek gowşuryldy. Meýdança eýeleri 23-nji minutda Musa Nurnazarowyň dürs urgusyndan soň hasaby açdylar. Ýöne Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri Myrat Annaýewiň (43-nji minut) we Selim Nurmyradowyň (49-njy minut) gollarynyň netijesinde duşuşygyň ugruny üýtgetmegi başardylar. Meýdança eýeleri 82-nji minutda iki sary kart alany üçin Selim Ataýewiň we 95-nji minutda göni gyzyl kart alany üçin Şazada Bäşimowyň meýdançadan çykarylmagyndan soň, oýuny dokuz oýunçy bilen tamamlaýandygyny bellemek gerek.
27-nji tapgyryň başga bir duşuşygynda milli birinjiligiň altyn medalyny möhletinden öň gazanan «Arkadag» topary myhmançylykda paýtagtymyzdaky «Nusaý» stadionynda «Aşgabat» toparyny 1:0 hasabynda utdy. Ýeňiş goluny 31-nji minutda Ahmet Ataýew geçirdi.
Şu tapgyryň ýene bir duşuşygynda «Nebitçi» futbol topary Balkanabatda paýtagtymyzyň «Köpetdag» toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy. Ýeňijilerden Hydyr Ýakubow (10-njy minut) we Baýramgeldi Nurlyýew (60-njy minut) tapawutlandylar. Ýeňlenlerden ýeke-täk goly Arslan Saparow (34-nji minut) geçirdi.
Ýeňlişe garamazdan, «Köpetdag» topary 14 utuk bilen ýedinji orunda galdy we çempionatyň tamamlanmagyna bir tapgyr galanda, ýaryş tertibini jemleýän «Merw» toparyndan 2 utuk öňe saýlanýar.