Ï Ýurdumyzyň mugallymlary okuw-usulyýet maslahatyna çagyrylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň mugallymlary okuw-usulyýet maslahatyna çagyrylýar

view-icon 148
Ýurdumyzyň mugallymlary okuw-usulyýet maslahatyna çagyrylýar

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty «Mugallymlaryň hünär derejesini kämilleşdirmegiň döwrebap usullary: ylmy gözlegler we täze garaýyşlar» atly okuw-usulyýet maslahatyny guraýar.

Forum mugallymlaryň hünär başarnygyny kämilleşdirmek, okatmagyň innowasion usullaryny mundan beýläk-de ornaşdyrmak, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazarda tutup, okuw-terbiýeçilik işlerini döwrebaplaşdyrmak, bilimiň ähli derejelerinde ýaşlar üçin onuň ýokary hilini üpjün etmek maksady bilen geçirilýär.

Institut mugallymçylyk hünär ugurly ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň, umumybilim berýän orta mekdepleriň, mekdebe çenli edaralaryň mugallymlaryny, şeýle hem Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň hünärmenlerini we Aşgabat şäheriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň Baş bilim müdirlikleriniň ýanyndaky hünär ýokarlandyryş merkezleriniň mugallymlaryny maslahata gatnaşmaga çagyrýar.

Ýurdumyzyň mugallymlarynyň gatnaşmagyndaky forum 30-njy ýanwarda utgaşykly görnüşde geçiriler. Maslahat umumy mejlisden başlanar we soňra tematiki bölümleriň dördüsinde öz işini dowam eder.

Garaşylyşy ýaly, forumda mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmek üçin häzirki zaman usullaryna we ylmy çemeleşmelere, iň oňat daşary ýurt we milli tejribeleri öwrenmek we ýaýratmak, halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň iş ýüzündäki ähmiýeti, okuwçylar tarapyndan okuw maksatnamasynyň doly özleşdirilmeginiň üpjün edilmegini göz öňünde tutup, bilim işine okatmagyň iň täze usullaryny ornaşdyrmak baradaky temalara garalar.

Guramaçylar gyzyklanma bildirýän ähli mugallymlary gatnaşmaga çagyrýarlar hem-de maslahatyň geçirilmeginiň mugallymlaryň arasynda ylym-bilim gatnaşyklarynyň ösmegine, hünär tejribelerini we bilimlerini netijeli alyşmaga, mugallymçylyk we okuw işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň öňdebaryjy usullaryny öwrenmäge ýardam etjekdigine ynam bildirýärler.

Mugallymçylyk institutynyň resmi saýtynda maslahatyň gün tertibi bilen giňişleýin tanşyp bolar.