Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 25 – 28-nji ýanwar aralygynda Buhara döwlet uniwersitetiniň binýadynda geçirilen halkara matematika olimpiadasynda (BIMO-2026) we halkara himiýa olimpiadasynda (BIChO-2026) ajaýyp netijeleri görkezdiler.
Olimpiadalaryň netijeleri boýunça Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary medallaryň jemi 46-syny – 17 altyn, 17 kümüş hem-de 12 bürünç medal gazandylar.

Iri intellektual bäsleşiklere 10-dan gowrak ýurtdan, şol sanda Özbegistandan, Türkmenistandan, Russiýadan, Hytaýdan, Hindistandan, Pakistandan, Azerbaýjandan, Iordaniýadan we Täjigistandan 500-den gowrak talyp hem-de 100-den gowrak topar gatnaşdy.
Olimpiadalar şahsy we toparlaýyn tapgyrlary özünde jemläp, olaryň dowamynda ýokary matematikanyň we himiýanyň möhüm bölümleri boýunça çylşyrymly ýumuşlary çözmek ugrunda dünýäniň ýurtlarynyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň iň oňat talyplary hem-de güýçli toparlary bäsleşdiler.

Olimpiadalaryň çäklerinde ýokary okuw mekdeplerde takyk ylymlary okatmagyň usulyýetleri boýunça öňdebaryjy tejribeleri alyşmak maksady bilen bäsleşige gatnaşyjy ýokary okuw mekdepleriň professorlarynyň we mugallymlarynyň duşuşyklary geçirildi. Şeýle hem gatnaşyjylar üçin Buharanyň taryhy ýadygärlikleri we gözel ýerleri boýunça özüne çekiji gezelençler guraldy.
«BIMO-2026» we «BIChO-2026» halkara olimpiadalarynda biziň talyplarymyzyň ajaýyp üstünlikleri ýaşlarymyzyň ýokary intellektual mümkinçiliklerini, ýaş hünärmenleriň taýýarlyk derejesini hem-de milli bilimiň hilini nobatdaky gezek görkezdi.

Talyplaryň özleri üçin bolsa olimpiadalara gatnaşmaklary halkara derejesinde öz ukyplaryny görkezmäge, beýleki ýurtlaryň talyplary bilen tanyşmaga we gatnaşyklary ýola goýmaga, şeýle hem umumy bähbitleri paýlaşýan täze dostlary edinmäge ajaýyp mümkinçilik bagyş eden ýatdan çykmajak möhüm waka boldy.
