Ï Natalýa Dones: «Arkadag» toparynyň arkasynda tutuş ýurt dur
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Natalýa Dones: «Arkadag» toparynyň arkasynda tutuş ýurt dur

view-icon 148
Natalýa Dones: «Arkadag» toparynyň arkasynda tutuş ýurt dur

Aşgabatda geçirilýän halkara mediaforumyň çäklerinde Sport metbugatynyň halkara assosiasiýasynyň (AIPS) habarçysy Natalýa Dones türkmen futbolynyň ösüşi baradaky garaýyşlaryny «Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy bilen paýlaşdy. Daşary ýurtly myhman üçin Türkmenistana bu ilkinji sapar bolup, ol diňe bir özboluşly medeniýeti däl, eýsem, geljegi uly sport taslamasyny hem açdy.

Ýurdumyz bilen tanyşlyk žurnalist üçin hakyky açyş boldy. Natalýa Dones hakykatyň garaşylýandan hem ýokary bolandygyny boýun alýar.

«Men Türkmenistanda ilkinji gezek bolýaryn. Bu dogrudan hem geň galma, uly gyzyklanma we ak göwünlilik bilen seredýän düýbünden başgaça mähirli, ak ýürekli we myhmansöýer dünýädir» diýip, Natalýa Dones belledi.

«Arkadag» futbol toparynyň sport ösüşini seljerip, bilermen bu topary dünýä futbolyndaky beýleki köp sanly iri taslamalardan tapawutlandyrýan esasy aýratynlygy görkezdi. Professional toparlaryň köpüsi gymmat bahaly futbolçylaryň hasabyna çalt ýeňiş gazanmaga çalyşýan bolsa, «Arkadag» topary öz zehinlerini ösdürmek ýoluny saýlap aldy.

Söhbetdeşimiziň aýtmagyna görä, beýle çemeleşme uzak möhletleýin strategiýa bolup, ol milli ýygyndynyň we ýurduň tutuş futbol ekoulgamynyň dowamly üstünliginiň girewidir.

Mundan başga-da, bilermeniň pikiriçe, toparyň kuwwatly güýji onuň arkasynda tutuş halkyň joşgunly goldawynyň duýulmagyndan ybaratdyr. «Al-Nassr» toparyna garşy geçiriljek duşuşyk barada aýtmak bilen, Natalýa Dones hasap tagtasyndaky netijäniň diňe uly taryhyň bir bölegidigini nygtady.

«Toparyň öňünde çylşyrymly wezipe dur. Emma şeýle derejedäki oýunda islendik netije eýýäm tutuş ýurt üçin uly ýeňişdir. «Arkadag» toparynyň halkara meýdançasyna ynamly çykmagynyň özi uly guwanç döredýär. Iň esasy zat bolsa, toparyň arkasynda tutuş ýurduň durandygy görnüp dur» diýip, AIPS-niň habarçysy aýtdy.