Ï Ýurdumyzyň ýaş robot tehnikaçylary Dubaýda geçiriljek IWISE Global Final bäsleşigine gatnaşarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň ýaş robot tehnikaçylary Dubaýda geçiriljek IWISE Global Final bäsleşigine gatnaşarlar

view-icon 138
Ýurdumyzyň ýaş robot tehnikaçylary Dubaýda geçiriljek IWISE Global Final bäsleşigine gatnaşarlar

2026-njy ýylyň 14 – 16-njy fewraly aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçiriljek IWISE (International World Innovative Student Exhibition) halkara oýlap tapyşlar bäsleşiginiň Global Final tapgyryna ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylarynyň 12-si gatnaşar.

London şäherinde (Beýik Britaniýa) ýerleşýän IWISE guramasy tarapyndan her ýyl geçirilýän bu abraýly çäre dünýäniň dürli künjeklerinden iň zehinli ýaşlaryň müňlerçesini taslama, robot tehnikasy, sungat, STEAM we programmirleme ýaly ugurlar boýunça bir ýere jemleýär. Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary bu gezek Dubaýda geçiriljek ýaryşyň final tapgyrynda toparlaýyn esasda öz ukyplaryny görkezerler.

Ýurdumyzyň ýaş robot tehnikaçylary bu uly bäsleşige gatnaşmaga hukugy 2025-nji ýylyň noýabr aýynda geçirilen «Virtual Final» (onlaýn) tapgyrynda gazandylar. Onlaýn tapgyrynda ýurdumyza wekilçilik eden okuwçylar Robot Maze (robotlaryň labirintden geçmegi), Line Follower (çyzygy yzarlaýan robotlar), Mini Sumo (robotlaryň göreşi) ugurlary boýunça degişlilikde altyn, kümüş we bürünç medallara mynasyp boldular.

Dubaýda bu halkara bäsleşikde ýurdumyzyň adyndan çykyş etjek okuwçylar: Rahman Garrygulow (Arkadag şäherindäki ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň okuwçysy), Ebubekir Berdiýew (Arkadag şäherindäki ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň okuwçysy), Aýsenem Akmyradowa (Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň okuwçysy), Saranur Annaýewa (Aşgabat şäherindäki 7-nji orta mekdebiň okuwçysy), Muhammedkasym Annaýew (Aşgabat şäherindäki takyk we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 6-njy orta mekdebiň okuwçysy), Bilalkerem Berdiýew (Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiň okuwçysy), Polat Saparow (Aşgabat şäherindäki 12-nji orta mekdebiň okuwçysy), Abdullah Annaýew (Aşgabat şäherindäki 7-nji orta mekdebiň okuwçysy), Abdyljelil Patyşagulyýew (Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň okuwçysy), Selim Begmyradow (Aşgabat şäherindäki 7-nji orta mekdebiň okuwçysy), Gurbanmuhammet Magtymgulyýew (Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň okuwçysy), Muhammedulemin Annaýew (Aşgabat şäherindäki takyk we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 6-njy orta mekdebiň okuwçysy).

Halkara ýaryşa gatnaşjak okuwçylaryň Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň robot tehnikasy boýunça gurnagynyň okuwçylaryndan we paýtagtymyzdaky «Kämil bilim» okuw merkeziniň diňleýjilerinden ybaratdygyny bellemek ýakymly. Bu bäsleşikde ýaş innowatorlara Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumyň mugallymy Myrat Sähetgulyýew we Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň mugallymy Halyl Kowusow ýolbaşçylyk ederler.

Okuwçylarymyza üstünlik arzuw edýäris!