Ï Mergen Orazow: – Türkmen futboly ýokary derejede bolmaga mynasypdyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mergen Orazow: – Türkmen futboly ýokary derejede bolmaga mynasypdyr

view-icon 172
Mergen Orazow: – Türkmen futboly ýokary derejede bolmaga mynasypdyr

Aziýanyň derejesi boýunça ikinji topar bäsleşigi bolan AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň utulan-çykdy tapgyrynyň öňüsyrasynda «Arkadag» toparynyň tälimçiler düzüminde käbir üýtgeşmeler boldy. Türkmenistanyň çempionynyň bäsleşigiň toparçalaýyn tapgyryndan üstünlikli geçmegini üpjün eden Röwşen Muhadow bilen şertnamanyň möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäheriniň futbol topary AFK-nyň II Çempionlar ligasyna gatnaşmak üçin PRO derejeli tälimçi, 37 ýaşly Mergen Orazowy täze tälimçi hökmünde bellige aldy. Bu wezipä bellenmezinden ozal hünärmen Türkmenistanyň milli ýygyndysynda, 2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda bolsa Litwanyň «Daýnawa» toparynda işledi.

AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň çäginde Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» toparyna garşy geçiriljek ilkinji duşuşygyň öňüsyrasyndaky metbugat maslahatyna Mergen Orazow goragçy Güýçmyrat Annagulyýew bilen gatnaşdy. Žurnalistleriň soraglarynyň agramly böleginiň tälimçä gönükdirilendigi düşnüklidir. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ilki bilen, tälimçiniň «Al-Nassr» bilen boljak duşuşygyň öňündäki duýgulary bilen gyzyklandylar.

– Duýgularym ajaýyp, tutuş ýurdumyz üçin taryhy ähmiýetli bolan bu duşuşykdan öň duýgular örän güýçli.

– Kriştianu Ronaldunyň oýun üçin Türkmenistana gelmezligi siziň üçin hoş habarmy ýa-da tersine?

– Garşydaş toparyň düzüminde Kriştianu Ronaldunyň ýoklugy biziň meýilnamalarymyza hiç hili üýtgeşme girizmedi. Biz türgenleşiklerimizi öňküsi ýaly yhlasly dowam etdirýäris we öňde duran duşuşyga doly taýýar.

– Toparyň ruhy ýagdaýy nähili? Bu duşuşyk üçin ýörite taýýarlan usullaryňyz barmy?

– Öňümizde goýlan wezipe ýönekeý däl. Bize örän güýçli garşydaş duş geldi. Şonuň üçin hem öňde duran duşuşyk öz ukyplarymyzy has ýokary derejede görkezmek üçin uly mümkinçilikdir. Oňa taýýarlyk işleri gowy geçdi. Pursatdan peýdalanyp, utulan-çykdy tapgyrynyň duşuşyklaryna taýýarlyk görmegiň dowamynda toparymyza berýän uly üns-aladasy üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden sagbolsun aýtmak isleýärin. Taktiki taýdan täze işlenip düzülen usullarymyz bar. Men gelmezimden ozal tälimçiler düzümi topary eýýäm şu derejä çykarypdy. Biz köp zady üýtgetmedik. Bar bolan pikirleriň esasynda birneme hüjüm hereketlerini artdyrmaga synanyşdyk. Şeýlelikde, topar oýna taýýar, ýigitlerimiziň ruhy belent. Toparda hiç hili aladalanma duýulmaýar. Ählisi esasy düzümde meýdança çykmaga çalyşýar, toparyň içindäki bäsdeşlik gowy derejede. Oýna örän gowy taýýarlyk görendigimize ynanýaryn.

– Diňe ýerli oýunçylara daýanyp, gysga wagtyň içinde Aziýa futbolynda uly üstünlikler gazanan «Arkadag» toparynyň syry nämede? – diýip, Täjigistanyň «Warziş» sport teleýaýlymynyň žurnalisti Farrudin Safarow Mergen Orazowa sowal bilen ýüzlendi.

– Munuň syry gurluşda. Topar Aziýa ligalarynda uly üstünlikleri gazanmak üçin döredildi. Bu işde bize şeýle mümkinçilikleri döredip beren hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň hyzmaty örän uly, olara sagbolsun aýtmalydyrys. Bu maksat bilen iň gowy oýunçylar, iň gowy hünärmenler çekildi. Şol bir wagtyň özünde, düýpli taýýarlyk işleri alnyp barlyp, degişli seljermeler geçirildi. Bu geljekde mundan hem uly üstünliklere beslenjek örän gowy taslamadyr.

– «Arkadag» toparynyň meşhur toparyň garşysyna üstünlikli oýnap biljekdigine özüňiz ynanýarsyňyzmy? Eger gizlin bolmasa, myhmanlar üçin nähili garaşylmadyk sowgatlary taýýarladyňyz? – diýip, belli gruzin žurnalisti Tengiz Paçkoriýa tälimçiden sorady.

– «Arkadag» topary ýeňşe bolan ynam az bolan pursatlarynda-da islendik netijäni gazanyp biljekdigini birnäçe gezek subut etdi. Toparyň taryhynda myhmançylykda 0:2 hasabynda utulyp, öz meýdançasynda 3:0 hasabynda ýeňiş gazanan wagtlary hem boldy. Toparyň ruhy örän berk. Biz diňe bir ynanman, eýsem, muňa uly umyt baglaýarys.

Garaşylmadyk sowgatlar barada aýtsak, biz öz güýçli taraplarymyzy ulanmaga çalşarys. Garşydaş toparyň derejesi ýokary, biz şol derejä deňleşmelidiris. Biziň hereketlerimizde iň esasy zat tertip-düzgün we agzybirlikde işlemekdir. Munuň netije gazanmak üçin ýeterlik boljakdygyna ynanýaryn.

Ýokary derejelere ýetip boljakdygyna hemişe ynanasyň gelýär. Türkmen futbolynyň muňa mynasypdygyny we biziň şu ugra tarap ynamly gadam basýandygymyzy aýdýaryn. Tälimçileriň arzuwy näme? Şu derejede işlemekdir. Şonuň üçin hem men örän buýsanýaryn, bagtly we bu duşuşyga uly sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

Öňde duran duşuşyk baradaky garaýyşlaryny «Arkadag» futbol toparynyň goragçysy Güýçmyrat Annagulyýew hem paýlaşdy:

– Her bir futbolçy üçin islendik duşuşyk hemişe baýramçylykdyr. Toparda hiç hili aladalanma ýok. Ýigitleriň ählisi oýna doly taýýar. Janköýerlerimizi begendirmek üçin bar güýjümizi gaýgyrmarys.