Ï Talyplaryň arasynda ösümlikleri goramak boýunça ilkinji olimpiada geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Talyplaryň arasynda ösümlikleri goramak boýunça ilkinji olimpiada geçiriler

view-icon 104
Talyplaryň arasynda ösümlikleri goramak boýunça ilkinji olimpiada geçiriler

Türkmen oba hojalyk instituty Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ösümlikleri goramak boýunça I internet-olimpiadany geçirer.

Türkmen oba hojalyk institutynyň agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasy bäsleşigiň guramaçysy bolup çykyş edýär.

Olimpiada 10-njy aprelde şahsy bäsleşik boýunça geçiriler. Bäsleşige hünärine, taýýarlyk ugruna we ýokary okuw mekdebiň degişli hünär ugruna garamazdan 3 – 5-nji ýyl talyplar gatnaşyp bilerler. Her ýokary okuw mekdepden bäşden köp bolmadyk talyp gatnaşyp biler.

Olimpiada gatnaşmak isleýänler 1-nji aprele çenli gatnaşýanlaryň topary hem-de olaryň jogapkär mugallymy baradaky maglumatlary institutyň tohi_tm@sanly.tm elektron salgysyna ibermelidirler.

Bäsleşik 50 sowaldan ybarat bolan test görnüşinde geçiriler. Testiň ýumuşlaryny ýerine ýetirmäge 90 minut wagt berilýär.

Bäsleşigiň netijeleri oňa gatnaşyjylaryň toplajak utuklarynyň jemi boýunça kesgitleniler hem-de şahsy we toparlaýyn hasaplar boýunça yglan ediler. Ýeňijiler degişli derejeli diplomlar bilen sylaglanarlar.

Olimpiadanyň geçirilmegine degişli giňişleýin maglumatlar Türkmen oba hojalyk institutynyň elektron salgysynda ýerleşdirilendir. Guramaçylyk topary bilen habarlaşmak üçin telefon belgiler: +99365867967; +99365276237.

Bäsleşik zehinli talyplary ýüze çykarmak we goldamak, ýaşlary ylmy barlaglara we döredijilik taýdan ösüşe höweslendirmek, hünärmenleriň taýýarlanylyşynyň hiline baha bermek, ösümlikleri goramak babatda olaryň bilimlerini we başarnyklaryny berkitmek hemde çuňlaşdyrmak, bu temanyň möhümligine düşünmegi atdyrmak, ýaş nesilleriň ekologiýa medeniýetini ösdürmek, professorlaryň, mugallymlaryň we talyplaryň arasynda bilelikdäki ylmy alyşmalary guramak, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň netijeli özara gatnaşyklaryny ýola goýmak maksady bilen geçirilýär.