2026-njy ýylyň 14 – 16-njy fewraly aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen «IWISE Global Final 2026» halkara bäsleşigi türkmen mekdep okuwçylarynyň uly ýeňşi bilen tamamlandy. Dünýäniň 400-den gowrak zehinli ýaşlarynyň gatnaşan bu abraýly bäsleşiginde ýurdumyzyň toparlary jemi 12 medal (2 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç) eýelemegi başardylar.
Aşgabat şäherindäki 7-nji orta mekdebiň okuwçysy Selim Begmyradow we Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň okuwçysy Abdyljelil Patyşagulyýew bäsleşigiň iň ýokary baýragyna – altyn medala mynasyp boldular.

Bu zehinli ýaşlar «Line Follower» ugry boýunça görkezen ýokary netijeleri üçin diňe bir altyn medal bilen çäklenmän, eýsem tutuş bäsleşikde «Iň gowy topar» diýlip yglan edildi we olara ýörite baýrak gowşuryldy.
Bulardan başga-da, mekdep okuwçylarymyzyň birnäçesi öz ugurlary boýunça ýokary ussatlyk görkezdiler:
Kümüş medallar (6 sany): Abdullah Annaýew («Line Follower»), Muhammedkasym Annaýew («Mini Sumo»), Saranur Annaýewa, Polat Saparow, Bilalkerem Berdiýew we Aýsenem Akmyradowa.

Bürünç medallar (4 sany): Ebubekir Berdiýew («Line Follower»), Muhammedulemin Annaýew («Maze/Labirint»), Rahman Garrygulow we Gurbanmuhammet Magtymgulyýew.
Şeýle hem Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 6-njy orta mekdebiniň okuwçysy Muhammedulemin Annaýew eminleriň ýörite baýragyna mynasyp boldy.
Halkara ýaryşda uly üstünlikleri gazanan Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň robot tehnikasy boýunça gurnagynyň hem-de «Kämil bilim» okuw merkeziniň bu zehinli agzalaryna tejribeli mugallymlar Myrat Sähetgulyýew we Halyl Kowusow ýolbaşçylyk etdiler.
«Bu üstünlik diňe bir mekdep okuwçylarynyň däl, eýsem ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň tehnologiýa dünýäsinde uly mümkinçiliklere eýediginiň aýdyň subutnamasydyr. Döredilýän şertlerdir mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys!» – diýip, Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň mugallymy Myrat Sähetgulyýew ýürek buýsanjyny beýan etdi.