Ï Informatika boýunça IV açyk halkara olimpiada geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Informatika boýunça IV açyk halkara olimpiada geçiriler

view-icon 299
Informatika boýunça IV açyk halkara olimpiada geçiriler

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda 15 – 16-njy aprelde geçiriljek informatika boýunça IV açyk halkara internet-olimpiadasyna gatnaşjaklary bellige alýar.

Bellige alyş 10-njy aprele çenli dowan eder. Ýüztutmalary tabşyrmak üçin guramaçylyk toparyna talyplar baradaky maglumatlary  hngu.olimp@gmail.com elektron salgysyna ibermeli. Her ýokary okuw mekdepden gatnaşjaklaryň sany çäklendirilmeýär.

Mundan başga-da olimpiada Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde dürli ugurlar we hünärler boýunça okaýan isleg bildirýän talyplaryň ählisi gatnaşyp bilerler.

Olimpiada «Moodle» platformasy arkaly onlaýn görnüşinde türkmen, rus we iňlis dillerinde geçiriler.

Olimpiada şahsy bäsleşik görnüşinde bolar. Oňa gatnaşjaklara algoritmik programma düzmek, maglumatlary seljermek, emeli aň we kiberhowpsuzlyk ýaly ugurlary öz içine alýan ýumuşlaryň jemi 10-sy berler. Ýumuşlary ýerine ýetirmäge 120 minut wagt berilýär.

Şahsy hasabyň netijeleri toplanan utuklaryň möçberi boýunça kesgitlenilýär. Şolaryň esasynda gatnaşyjy ýokary okuw mekdepleriň umumy utuklary boýunça hem toparlaýyn bäsleşigiň netijeleri jemleniler. Olimpiadanyň ýeňijileri I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanarlar.

Goşmaça maglumatlar uniwersitetiň saýtynda, şeýle hem +993 12 39 13 36, +993 65 67 51 31, +993 12 39 14 57, +993 65 62 59 33, +993 12 39 13 18, +993 64 02 25 21 telefon belgiler boýunça elýeterlidir.

Olimpiada ýokary okuw mekdep tarapyndan dördünji ýyl yzygiderli geçirilýär hem-de zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň mundan beýläk-de intellektual taýdan ösmegine hem-de hünärlerini saýlamagyna oňaýly şertleri döretmek, häzirki zaman informatikasynda we garyşyk ulgamlarda ýüze çykýan ylmy hem-de amaly wezipeleri seljerip bilýän ýaş hünärmenleri taýýarlamak üçin netijeli meýdança bolup durýar.

Şonuň bilen birlikde olimpiada ylym we bilim ulgamynda tejribe we täze pikirleri özara bähbitli alyşmaga, şeýle hem hyzmatdaşlygy ösdürmäge we Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýär.