Ï Mekdep okuwçylary dersler boýunça olimpiadalara gatnaşmaga çagyrylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mekdep okuwçylary dersler boýunça olimpiadalara gatnaşmaga çagyrylýar

view-icon 315
Mekdep okuwçylary dersler boýunça olimpiadalara gatnaşmaga çagyrylýar

Aprel aýynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti Türkmenistanyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda matematika, himiýa we informatika dersleri boýunça olimpiadalary geçirer.

Olimpiadalara umumy bilim berýän orta mekdepleriň hem-de dersler çuňlaşdyrylyp öwredilýän mekdepleriň gyzyklanma bildirýän ähli okuwçylary gatnaşyp biler. Olimpiadalara gatnaşjaklaryň sany çäklendirilmeýär.

Ders bäsleşikleri iki tapgyrda geçiriler. Olaryň birinji tapgyry 9 – 11-nji aprel aralygynda onlaýn görnüşde geçiriler. Birinji tapgyry üstünlikli geçen okuwçylar ikinji, jemleýji tapgyra gatnaşmaklary üçin Aşgabada çagyrylar. Olimpiadalaryň jemleýji tapgyry 25-nji aprelde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçiriler.

Olimpiadalara gatnaşmak isleýänler 4-nji aprele çenli guramaçylyk toparyna okuwçylar barada tassyklanan nusga laýyklykda maglumatlary ibermelidirler.

Jemleýji tapgyryň netijeleri oňa gatnaşyjylaryň toplan utuklarynyň esasynda jemleniler. Olimpiadalaryň ýeňijilerine I, II we III derejeli diplomlar gowşurylar.

Mundan başga-da bäsleşikde ýokary netijeleri görkezip, baýrakly orunlary eýelän okuwçylar guramaçylyk toparynyň çözgüdi bilen Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetine okuwa girmekde artykmaçlyk alarlar.

Geçiriljek ders bäsleşikler barada giňişleýin maglumatlar uniwersitetiň saýtynda ýerleşdirilendir.

Olimpiadalaryň geçirilmegi zehinli okuwçylary ýüze çykarmaga, ýokary synp okuwçylaryny hünärlere ugrukdyrmaga, olaryň bilimlerini we ukyplaryny ösdürmäge, mekdep okuwçylarynyň takyk ylymlary öwrenmäge bolan gyzyklanmalaryny artdyrmaga, innowasion tehnologiýalary üstünlikli ulanyp bilýän, giňden pikirlenmäge hem-de öňde goýlan wezipeleri özbaşdak çözmäge ukyply işjeň, başarjaň ýaşlary terbiýelemäge gönükdirilendir.