Ï «Döwrebap ykdysadyýetçi üçin diplom ýeterlikmi» at bilen açyk sapak geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Döwrebap ykdysadyýetçi üçin diplom ýeterlikmi» at bilen açyk sapak geçirildi

view-icon 110
«Döwrebap ykdysadyýetçi üçin diplom ýeterlikmi» at bilen açyk sapak geçirildi

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ýaşlaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen açyk sapak geçirildi. «Döwrebap ykdysadyýetçi üçin diplom ýeterlikmi» at bilen geçirilen bu çäre ýaşlaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi.

Açyk sapakda çykyş eden ykdysadyýetçi hünärmen Aganyýaz Döwletgeldiýew häzirki zaman ykdysadyýetinde diňe bir diplomyň ýeterlik däldigini aýratyn nygtady. Ol öz çykyşynda tejribäniň, täze başarnyklaryň we döredijilikli pikirlenmegiň hem uly ähmiýete eýedigini belläp geçdi. Şeýle-de, sanly ykdysadyýet şertlerinde ýaşlaryň özlerini ösdürmek üçin yzygiderli öwrenmegiň zerurdygyny aýtdy.

Çärä gatnaşyjylar çykyş edenlere dürli sowallary berip, ykdysadyýet ulgamyndaky täze ugurlar, telekeçilik mümkinçilikleri we iş bazarynyň talaplary barada giňişleýin maglumat aldylar. Bu bolsa açyk sapagyň interaktiw ýagdaýda geçmegine şert döretdi.

Açyk sapak Türkmenistanyň Bilim ministrligi, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, TSTP-niň Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky «Ýaş telekeçiler» merkezi hem-de TMÝG-niň Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça merkezi tarapyndan guraldy.

Çäre ýaşlary döwrebap bilim almaga, öz mümkinçiliklerini giňeltmäge we geljekde döwrebap hünärmen bolmaga ruhlandyrdy.