Ï Aşgabatda «Frankofoniýa – 2026» bäsleşiginiň dabaraly jemlenilişi geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda «Frankofoniýa – 2026» bäsleşiginiň dabaraly jemlenilişi geçirildi

view-icon 178
Aşgabatda «Frankofoniýa – 2026» bäsleşiginiň dabaraly jemlenilişi geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda şu ýyl «Hereketde» diýen şygar astynda geçen «Frankofoniýa – 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry hem-de bu uly festiwalyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýanyndaky Fransuz instituty, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi fransuz dilli ýurtlaryň ̶ Belgiýanyň, Rumyniýanyň, Şweýsariýanyň, Kanadanyň diplomatik wekilhanalarynyň, şeýle hem Ermenistanyň, Ukrainanyň ilçihanalarynyň we ÝB-niň wekilhanasynyň goldamagynda festiwalyň guramaçylary boldular.

Çäräni Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa, Fransiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Filipp Merlen hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň baş hünärmeni Ezizmuhammet Mämmedow festiwala gatnaşyjylara gutlag sözleri bilen açdylar.

Her ýyl 20-nji martda Halkara Frankofoniýa gününiň baýram edilmegi Ýer ýüzüniň fransuz dilinde gürleýän ýaşaýjylaryny, fransuz diliniň ähli janköýerlerini bir ýere jemleýär. Bu baýramçylyk, asylly däbe görä, Türkmenistanda her ýyl giň gerimli festiwal bilen bellenilip, ýurtlaryň arasynda medeni-ynsanperwer aragatnaşyklaryň we dostlukly hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.

Şu ýyl festiwalyň maksatnamasyna aýdym-saz bäsleşigi, düzme ýazmak hem-de dürs ýazuwyň dilden bäsleşikleri girizildi, şol bäsleşikleriň deslapky tapgyrlary martda geçirildi.

Bäsleşiklere talyplar, mekdep okuwçylary we Türkmenistandaky Fransuz institutynyň diňleýjileri gatnaşyp, fransuz dili boýunça ýokary taýýarlyklaryny, fransuz medeniýetini we taryhyny çuňňur bilýändiklerini, üýtgeşik döredijilik zehinlerini we ukyplaryny görkezdiler.

Deslapky saýlama tapgyryny üstünlikli geçen iň oňat bäsleşijiler jemleýji tapgyryň çäklerinde sahnada öz işleri bilen çykyş etmek hukugyna eýe boldular.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň netijeleri boýunça ýeňijiler yglan edilip, olar festiwalyň guramaçylarynyň hem-de hemaýatkärleriniň diplomlary we gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglandylar.

Hemaýatkärler hökmünde «Total Energies», «Bouygues Turkmen», «Boutique de Paris», «Eurocosmetics», «Lacoste», «La Tartine», «Swiss Best», «Alliance», «Le Travel» we «Dessange International» ýaly öňdebaryjy halkara kompaniýalar çykyş etdiler.

«Frankofoniýa – 2026» festiwaly, däbe öwrülişi ýaly, fransuz medeniýetiniň baý dünýäsine aralaşmak hem-de Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda fransuz diline bolan uly gyzyklanmany görkezmek, şeýle hem tejribe alyşmak, oňa gatnaşyjylaryň özlerini görkezmekleri we döredijilik taýdan ösmekleri üçin ajaýyp çäre boldy.