Ï Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň tennis çempionatynda ýaş tennisçiler ajaýyp ýeňiş gazandylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň tennis çempionatynda ýaş tennisçiler ajaýyp ýeňiş gazandylar

view-icon 72
Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň tennis çempionatynda ýaş tennisçiler ajaýyp ýeňiş gazandylar
camera-icon
Türkmenistanyň Tennis federasiýasy

Tennis boýunça Türkmenistanyň çempionaty «Aşgabat» köpugurly stadionynyň meýdançalarynda ajaýyp ýeňişler bilen tamamlandy. 2026-njy ýylyň esasy milli ýaryşy welaýatlardan we paýtagtymyzdan 124 türgeni – 70 oglany we 54 gyzy jemläp, olar alty günüň dowamynda ýekelikde hem-de jübütleýin ýaryşlarda çempionlyk ugrunda bäsleşdiler.

Erkekleriň arasynda 16-njy belgili 14 ýaşly Ali Geldiýew garaşylmadyk ýagdaýda ýeňiji boldy. Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy ilkinji iki duşuşygynda Süleýman Abdalowy 6:0, 6:0 we Erkin Altyýewi 6:1, 6:0 hasabynda ýeňdi. Soňra bolsa üç set dowam eden duşuşykda geçen ýylyň Türkmenistanyň çempiony, ýaryşyň birinji raketkasy Allanur Daýanjowy 3:6, 7:5, 6:2 hasabynda ýeňip, ajaýyp täzelik döretdi. Çärýek finalda Ali Geldiýew Süleýman Hudaýberdiýewden 6:3, 6:4 hasabynda üstün çykdy, ýarym finalda bolsa bäşinji belgili Selim Çagylowy 7:5, 3:6, 6:2 hasabynda ýeňdi. Finalda ol altynjy belgili, geçen ýylyň bürünç medalynyň eýesi Mary welaýatyndan Resul Ataýewi 6:4, 6:2 hasaby bilen ýeňip, çempion boldy.

Ali Geldiýew tennis bilen ilkinji gezek Türkmenabat şäheriniň 9-njy sport mekdebinde Babamyrat Mamatrasulowyň ýolbaşçylygynda meşgullanyp başlady. Häzirki wagtda bolsa Aşgabatda Gurbanberdi Gurbanberdiýewiň we Meýlis Orazmuhammedowyň tälimçiliginde ussatlygyny ösdürýär. Geçen ýyl Tailandda geçirilen Aziýanyň tennis federasiýasynyň (ATF) 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky halkara ýaryşynda ol ýekelikde we jübütlikde iki altyn medal gazandy. Şeýle hem şu ýylyň mart aýynda Şri-Lankada geçirilen saýlama tapgyrda Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysyna ilkinji gezek 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen Dewisiň Kubogynyň saýlama ýaryşynyň final tapgyryna çykmaga kömek etdi. Indi bolsa Ali Geldiýew ilkinji gezek erkekleriň arasynda Türkmenistanyň çempiony bolup, 14 ýaşynda milli rekord goýdy!

Baýrakly üçünji orny Aşgabat şäherindäki 18-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Selim Çagylow eýeledi. Ol üçünji orun ugrunda geçirilen duşuşykda öňki 5 gezek Türkmenistanyň çempiony bolan Ýuriý Rogusskini 4:6, 7:5, 6:3 hasaby bilen ýeňdi. Häzirki wagtda Ýuriý Rogusski şahsy çykyşlaryndan has köp ýaşlary taýýarlamaga üns berýär.

Zenanlaryň arasynda Aşgabat şäherindäki 87-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Näzli Hudaýgulyýewa uly şowhun döretdi. Ol 13 ýaşynda Türkmenistanyň çempiony boldy. Meýlis Orazmuhammedowyň we Ýuriý Rogusskiniň şägirdi bolan 11-nji belgili türgen garşydaşlary Oguljeren Ataýewany 6:0, 6:0, Selbi Mälikgulyýewany 6:2, 6:1 we Natalýa Martynowany 6:4, 6:2 hasabynda ýeňdi. Çärýek finalda Näzli dördünji belgili Marynyň tennis mekdebiniň okuwçysy Jennet Çaryýewany 6:4, 6:4 hasabynda ýeňdi. Ýarym finalda bolsa birinji raketka Ilima Guseýnowa garşy çekeleşikli göreş alyp bardy. Birinji seti Näzli 7:5 hasabynda utdy. Ikinji setde hasap 2:2 wagtynda Ilima şikes sebäpli oýny dowam etdirmekden ýüz öwürdi. Şeýlelikde, Näzli finala çykyp, 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi Aýnur Möwlamowany 7:6, 6:2 hasaplarynda ýeňip, çempion boldy. Üçünji orun Ilima Guseýnowanyň paýyna düşdi.

Şu ýylyň fewral aýynda Näzli Hudaýgulyýewa Bahreýniň paýtagty Manamada geçirilen 14 ýaşa çenli tennisçileriň arasynda Günbatar we Merkezi Aziýanyň çempionatynyň iki hepdelik tapgyrynda dört altyn medal gazanypdy. Oňa 13 ýurduň wekilleri gatnaşypdy. Indi bolsa ol ilkinji gezek ýurdumyzyň esasy milli ýaryşynda ýeňiş gazanyp, 13 ýaşynda Türkmenistanyň zenanlarynyň arasynda çempion bolan üçünji tennisçi hökmünde taryha girdi. Ondan öň bu üstünlik Anastasiýa Prenko we Ilima Guseýnowa tarapyndan gazanylypdy.

Näzli Hudaýgulyýewa ýekelikdäki ýeňşine goşmaça hökmünde jübütlikde hem altyn medal gazandy. Ol Jennet Çaryýewa bilen bilelikde finalda üçünji belgili Anna Ponýatowa bilen Kseniýa Sorokinany 6:3, 6:4 hasaplarynda ýeňdi. 2023-nji we 2024-nji ýyllarda Mary şäherindäki 19-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Jennet Çaryýewa Ilima Guseýnowa we Aýnur Annamyradowa bilen jübütlikde iki gezek kümüş medal gazanypdy. Indi bolsa Andreý Dawmatowyň şägirdi ilkinji gezek Türkmenistanyň çempiony boldy.

Bürünç medallary Aýgül Nazarowa bilen Jennet Orazalyýewa gazandy. Olar üçünji orun ugrunda geçirilen duşuşykda Merýem Ataýewa bilen Leýli Saparbaýewany 6:1, 6:0 hasaplarynda ýeňdi.

Erkekleriň jübütleýin ýaryşynda Selim Çagylow bilen Selim Pirjikow çempion boldy. Olar finalda ikinji belgili Allanur Daýanjow bilen Serdar Wepamyradowy naýbaşy taý-breýkde 6:4, 4:6, 10:8 hasabynda ýeňdi. Bu üstünlikde olaryň tälimçileri – Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Jennet Hallyýewa we Meýlis Orazmuhammedow hem uly paý eýeledi.

Üçünji orny Meýlis Orazmuhammedow bilen Ýuriý Rogusski eýeledi. Olar Resul Ataýew bilen Nazim Kasymowy 7:5, 3:6, 10:3 hasabynda ýeňdi.

Tennis boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň baş hemaýatkäri hökmünde «Gatnaşyk TRAVEL» kompaniýasy çykyş etdi.