Ï Тürkmen toparlary 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda geçirilýän tennis boýunça Merkezi Aziýanyň saýlama ýaryşyna ýeňiş bilen başladylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Тürkmen toparlary 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda geçirilýän tennis boýunça Merkezi Aziýanyň saýlama ýaryşyna ýeňiş bilen başladylar

view-icon 97
Тürkmen toparlary 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda geçirilýän tennis boýunça Merkezi Aziýanyň saýlama ýaryşyna ýeňiş bilen başladylar
camera-icon
Türkmenistanyň Tennis federasiýasy

Türkmenistanyň oglanlar we gyzlar ýygyndylary 1–5-nji iýun aralygynda Özbegistanyň Fergana şäherinde 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda geçirilýän tennis boýunça Merkezi Aziýanyň saýlama ýaryşyna Täjigistanyň toparlaryny ýeňmek bilen üstünlikli başladylar.

Bu ýaryşda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň oglanlar hem-de gyzlar toparlary sentýabryň 15–20-si aralygynda Singapurda geçiriljek Aziýa çempionatynyň jemleýji tapgyryna beriljek iki ýollanma ugrunda bäsleşýärler.

Türkmenistanyň gyzlar toparynyň düzüminde Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçylary Imiliýa Kambarowa we Safiýa Tribunskaýa, şeýle hem Aşgabat şäherindäki 15-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Marýam Şamurzaýewa çykyş edýär. Oglanlar toparynda bolsa A.S. Puşkin adyndaky türkmen-rus bilelikdäki umumy orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Ýegenmämmet Nurýagdyýew, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Sanjar Rejepow hem-de A.S. Puşkin adyndaky türkmen-rus bilelikdäki umumy orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Dawut Hudaýberdiýew bar. Toparlaryň kapitanlary hökmünde gyzlaryň baş tälimçisi Ýuriý Rogusskiý we oglanlaryň baş tälimçisi Gurbanberdi Gurbanberdiýew çykyş edýärler.

Ýaryşyň ilkinji duşuşygynda Türkmenistanyň gyzlar ýygyndysy Täjigistanyň toparyny 3:0 hasabynda ynamly ýeňip, olar iki ýekelikdäki we bir jübütleýin duşuşykda garşydaşlaryna bary-ýogy iki geým almaga mümkinçilik berdiler. Safiýa Tribunskaýa ilkinji duşuşykda Wiktoriýa Protasowany 6:0, 6:1 hasabynda ýeňdi. Imiliýa Kambarowa bolsa Nafisa Huseýnowany 6:0, 6:0 hasabynda ýeňdi. Jübütleýin duşuşygynda Marýam Şamurzaýewa bilen Imiliýa Kambarowa Ýekaterina Taşlinsewadan we Wiktoriýa Protasowadan 6:1, 6:0 hasabynda üstün çykdylar.

Oglanlar ýaryşynda hem Gurbanberdi Gurbanberdiýewiň tälim berýän topary Täjigistanyň ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňdi. Sanjar Rejepow ilkinji duşuşykda Ilýa Tyryşkini 6:0, 6:0 hasabynda ýeňdi. Ýegenmämmet Nurýagdyýew bolsa Abdullo Kadamow bilen geçirilen üç setlik duşuşykda 4:6, 6:3, 6:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Jübütleýin duşuşygynda Dawut Hudaýberdiýew bilen Sanjar Rejepow Ilýa Tyryşkinden we Abdullo Kadamowdan 6:1, 6:1 hasabynda üstün çykdylar.

Ikinji tapgyrda türkmen toparlaryna ýaryşyň eýeleri bolan özbek ýygyndylary bilen kyn synag garaşýar. Özbegistanyň gyzlar we oglanlar toparlary hem ilkinji oýun gününde Gyrgyzystanyň ýygyndy toparlaryny 3:0 hasabynda ýeňip, ýaryşa üstünlikli başladylar.

ITF Asia 12&U toparlaýyn ýaryşynyň Merkezi Aziýa boýunça saýlama tapgyry 5-nji iýunda tamamlanar.

Ýatlap geçsek, mundan üç ýyl öň 12 ýaşa çenli oglanlaryň we gyzlaryň arasynda şuňa meňzeş ýaryş Aşgabatda ýokary derejede geçirilipdi. Oňa Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň toparlary gatnaşypdy. Aziýa Tennis Federasiýasynyň (ATF) ýolbaşçylary şol ýaryşy guramaçylyk taýdan nusgalyk çäre hökmünde bahalandyrdylar. Ýaryş Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda geçirilip, bu toplum ATF tarapyndan «Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip ykrar edildi.

Şol çempionatda Ýuriý Rogusskiniň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň oglanlar topary — Süleýman Hudaýberdiýew, Nazargeldi Amangeldiýew we Türkmenabat tennis mekdebiniň wekili Ali Geldiýew — ilkinji gezek Özbegistanyň ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňip, ATF 12U Team Competition ýaryşynyň jemleýji tapgyryna çykmagy başarypdy.

Geçen ýyl bolsa Ferganada geçirilen saýlama ýaryşda Ýuriý Rogusskiniň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň gyzlar topary — Näzli Hudaýgulyýewa, Sähra Garahanowa we Sülgün Işangulyýewa — ilkinji gezek kümüş medala we Aziýa birinjiliginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanypdy. Şeýlelikde, olar saýlama tapgyrynyň esasy dalaşgäri hasaplanan Özbegistanyň ýygyndysyny yzda galdyrmagy başardylar.