Şu gün Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli giň gerimli dabaraly çäreler geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow watandaşlarymyza baýramçylyk Gutlagy bilen ýüzlenip, sportuň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň döwlet syýasatynda eýeleýän möhüm ornuny aýratyn nygtady.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty we Olimpiýa hereketini ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi. Ýurdumyzda bu ulgamy döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen uzak möhletli milli maksatnamalar hem-de toplumlaýyn özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gysga taryhy döwrüň dowamynda Türkmenistanda dünýäniň iň ýokary ülňülerine laýyk gelýän öňdebaryjy sport infrastrukturasy döredildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welosiped sportunyň wagyz edilmeginiň Türkmenistanyň ekologiýa syýasaty bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyna ünsi çekdi. Garaşsyz döwletimiz daşky gurşawy goramak babatdaky möhüm halkara resminamalara işjeň goşulyp, tebigata aýawly çemeleşmegi sagdyn durmuş ýörelgelerini ilerletmek bilen sazlaşykly utgaşdyrýar.
«Welosiped sporty hem ynsan saglygyna oňyn täsir edýän sportuň netijeli görnüşi bolup, ýurdumyzda sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar» diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti döwletimiziň mundan beýläk hem ýaş nesliň sazlaşykly zähmet çekmegi, dynç almagy we sport bilen meşgullanmagy üçin ähli zerur şertleri döretjekdigini, ýaşlary ýaramaz endiklerden ygtybarly gorajakdygyny aýtdy.