Ï Gruziýada Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gruziýada Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi

view-icon 104

2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy tarapyndan Bütindünýä welosiped güni, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli welosipedli ýöriş guraldy.

Sport çäresine Gruziýanyň Milli welosport federasiýasynyň wekilleri, gruziýaly tanymal türgenler we tälimçiler işjeň gatnaşdylar. Welosipedli ýörişiň ugry Tbilisi şäheriniň köçelerinden Gruziýanyň gadymy taryhy paýtagty bolan Msheta şäheriniň ugry boýunça hereket etdiler.

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG tarapyndan esaslandyrylan we dünýäniň ähli ýurtlarynda giňden bellenilýän Bütindünýä welosiped güni jemgyýetiň arasynda sporta bolan höwesiň artmagynda, şeýle hem dynç alyş medeniýetiniň ösmegine we daşky gurşawy aýawly çemeleşmäni kemala getirmäge ýardam edýändigini belledi.

Ol welosportyň ekologik taýdan arassa sport görnüşi hökmünde dünýäde, hususan-da, köpçülikleýin sagdynlaşdyryş hereketiniň ösmegine uly goşant goşýan Türkmenistanda barha uly meşhurlyga eýe bolýandygyny aýratyn nygtady. Şeýle hem Ilçi bu çäräniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy bilen utgaşmagynyň aýratyn many-mazmuna eýedigi bellenildi.

Çäräniň ahyrynda welosiped ýörişine gatnaşyjylara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.