Ï Daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçirilen çäreler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçirilen çäreler

view-icon 79
Daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçirilen çäreler

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky Ilçihanalarynda, halkara guramalaryň ýanyndaky hemişelik wekilhanalarynda we konsullyklarynda köpçülikleýin welosiped ýörişleri geçirýärler. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen yglan edilen Bütindünýä welosiped güni biziň ýurdumyzda we dünýäniň köp ýurtlarynda giňden bellenilýär.

Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Ilçihanasy Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Pariž şäherinde köpçülikleýin welosiped ýörişini gurady. Bu sport we ekologiýa çäresine Ilçihananyň işgärleri we olaryň maşgala agzalary, Fransiýadaky türkmen diasporasynyň wekilleri, şeýle hem Pariž şäherinde ýerleşýän ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen we fransuz talyplary gatnaşdy.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Ilçisi M.Çaryýew şuňa meňzeş çäreleriň guralmagy dürli milletleriň wekillerini sport, dostluk, sagdyn durmuş ýörelgesi we daşky gurşawy goramak ýaly umumadamzat gymmatlyklarynyň öz daşynda birleşdirýändigini belledi.

Şu gün Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy tarapyndan Bütindünýä welosiped güni, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli welosipedli ýöriş guraldy.

Sport çäresine Gruziýanyň Milli welosport federasiýasynyň wekilleri, gruziýaly tanymal türgenler we tälimçiler işjeň gatnaşdylar. Welosipedli ýörişiň ugry Tbilisi şäheriniň köçelerinden Gruziýanyň gadymy taryhy paýtagty bolan Msheta şäheriniň ugry boýunça hereket etdiler.

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG tarapyndan esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni jemgyýetiň arasynda sporta bolan höwesiň artmagynda, şeýle hem dynç alyş medeniýetiniň ösmegine we daşky gurşawy aýawly çemeleşmäni kemala getirmäge ýardam edýändigini belledi.

Şeýle hem şu gün Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Bütindünýä welosiped güni hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli sport çäreleri geçirildi.

Sport çärelere diplomatik wekilhanalaryň işgärleri, türkmen diasporasynyň wekilleri, Türkiýe Respublikasynyň habar beriş serişdeleri we talyp ýaşlar gatnaşdy. Çäre Ankaranyň golaýyndaky Eýmir kölüniň kenarynda ýerleşýän ýörite welosiped ýolunda geçirildi.

1-nji iýunynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçihanasy tarapyndan Er-Riýad şäherinde Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Çärä Saud Arabystany Patyşalygyndaky Türkmenistanyň raýatlary, türkmen diasporasynyň wekilleri we Er-Riýad şäheriniň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Çäräniň barşynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçisi M. Aýazow çykyş edip, Türkmenistanyň sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini öňe sürmäge, ekologiýa we daşky gurşawy goramaga gönükdirilen halkara başlangyçlary hem-de Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýeti barada belläp geçdi.

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasy hem köpçülikleýin welosiped ýörişini geçirdi. Bu sport çäresine ýurdumyzyň diplomatik wekilhanasynyň işgärler, olaryň maşgala agzalary, türkmen talyplary we türgenler gatnaşdylar.

Bütindünýä Welosiped Gününe bagyşlanan däp bolan köpçülikleýin welosiped ýörişi Russiýanyň paýtagtynda hem geçirildi. Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasy tarapyndan guralan bu çärä Moskwanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, türkmen diasporasynyň wekilleri we Moskwada işleýýän diplomatik korpusyň agzalary gatnaşdy.

Welosiped ýörişiniň dowamynda gatnaşyjylar moskwalylary we myhmanlary Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport ulgamynda gazanan üstünlikleri, şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge gönükdirilen döwlet syýasaty bilen tanyşdyrdylar.

Welosiped sporty tutuş dünýäde meşhurlyga eýe bolýar. Welosiped güni hem ähli ýurtlary we halklary has-da jebisleşdirýär. Bu bolsa biziň ýurdumyzyň global ösüşe, sagdynlyk hereketlerine we Durnukly ösüş maksatlarynyň gazanylmagyna özboluşly goşandydyr.