Ï Medeniýet hepdeligi — 2026: ikinji gün
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Medeniýet hepdeligi — 2026: ikinji gün

view-icon 89
Medeniýet hepdeligi — 2026: ikinji gün

Ýurdumyzyň günbatar sebitinde başlanan Medeniýet hepdeliginiň ikinji güni hem dürli wakalara baý boldy. Medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň özboluşly baýramçylygyna öwrülen hepdeligiň çäreleri türkmen medeniýetini we sungatyny has-da kämilleşdirmek, onuň köpöwüşginliligini giňden açyp görkezmek babatda uly ähmiýete eýedir.

Irden Gyzylarbat etrabyndaky medeniýet merkezinde “Hatyrasy belent halypalar” atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Onda belli sungat ussatlarynyň we döredijilik işgärleriniň milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň barha baýlaşmagyna mynasyp goşant goşandyklary nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe ussatlar barada giňişleýin durlup geçildi. Hususan-da, Baýram şahyryň, Türkmenistanyň halk artistleri Sary Garryýewiň, Giçgeldi Amanowyň, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Baýramguly Aýjanowyň döredijiligi, ömür ýoly barada täsirli söhbet edildi.

Döredijilik duşuşygynyň dowamynda aýdym-sazlar hem ýaňlandy. Çykyşlarda Baýram şahyryň döredijilik mirasyndan aýdymlara, döwrebap eserlere uly orun berildi. Bagşy-sazandalar joşgunly aýdym-sazlary bilen ýurdumyzyň abadançylygyny, halkymyzyň bagtyýarlygyny, tebigat gözelligini wasp etdiler.

Şeýle-de “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynda “Sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly döwrebap okatmagyň usulyýeti” atly maslahat geçirildi. Ondaky çykyşlarda bellenilişi ýaly, “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda, şol sanda ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň döwrebap usullary, häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän täze dersler özleşdirilýär. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin zerur bolan ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamagyň baş şertini emele getirýär. Çykyş edenler öňdebaryjy tehnologiýalaryň we ylmyň ösmegi bilen, adamyň zerurlyklaryna gönükdirilen “akylly” jemgyýetiň döreýändigine ünsi çekdiler. Sanlylaşdyrmagyň täsiri astynda zähmet bazarynda, bilim ulgamynyň ösüşinde hem düýpli özgerişlikler bolup geçýär. Şunuň bilen baglylykda, sanly özgertmeler şertlerinde zähmet bazarynda nähili üýtgeşmeleriň bolup geçjekdigi baradaky mesele köpleriň ünsüni çekýär. Umuman, häzirki zaman zähmet bazary üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak üçin bilim bermegiň döwrebap ugurlary, okuw maksatnamalary we usulyýeti boýunça pikir alyşmalar maslahata gatnaşyjylaryň aýratyn üns merkezinde boldy.

Günüň ikinji ýarymynda Balkan welaýat kitaphanasy köp adamly boldy. Bu ýerde “Garaşsyzlykdan galkynýan medeniýet” atly döredijilik bäsleşiginiň jemini jemlemek dabarasy, şeýle hem ýurdumyzyň halypa we ýaş şahyrlarynyň “Ylham joşguny” atly edebiýat agşamy geçirildi. Dabarada bu bäsleşigiň döredijilik bilen meşgullanýanlaryň arasynda uly gyzyklanma döredendigi aýdyldy. Her ýylda geçirilýän şeýle bäsleşikler täze zehinleriň halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak ruhy hazynasyna, baý milli medeniýetimize gyzyklanmalaryny artdyrmaga şert döredýär. Munuň özi täze döredijilik başlangyçlaryna itergi berýär, zehinleri ýüze çykarmaga we goldamaga, olaryň hünär taýdan kämilleşmegine, milli medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy ösdürmäge ýardam edýär.

Döredijilik bäsleşiginiň Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly senesiniň bellenilýän ýylynda geçirilmeginiň çuňňur manysy bar. Munuň özi ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli şanly senelere taýýarlygyň çäklerinde medeni-köpçülikleýin çäreleri, dürli bäsleşikleri geçirmegiň asylly däbe öwrülendigini äşgär edýär.

Degişli ugurlar boýunça geçirilen bäsleşikleriň ýeňijileri ýörite baýraklara mynasyp boldular. Has tapawutlanan döredijilik işgärleri birinji, ikinji we üçünji orunlar ugrunda bäsleşdiler. Ýeňijileriň sylaglanylmagy bu ýerde guralan dabaranyň şowhunyny artdyrdy. Bäsleşikde höweslendiriji baýraklara mynasyp bolan döredijilik işgärleriniň hem bolandygyny bellemek gerek. Ýeňijiler degişli baýraklary uly hormat bilen kabul edip, ýurdumyzda ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek, dürli derejede geçirilýän bäsleşiklere gatnaşmak ugrunda döredilýän giň şertler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Halypa we ýaş şahyrlaryň “Ylham joşguny” atly edebiýat agşamy has-da täsirli boldy. Edebi-sazly çykyşlarda, çeper okaýyşlarda häzirki döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleriň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, Watanymyzyň abadançylygynyň, türkmen bedewleriniň waspy ýetirildi.

Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar Balkanabat şäherindäki Nebitçiler medeniýet köşgünde belent ruha beslenen ajaýyp wakanyň şaýady boldular. Bu ýerde Balkan hem-de Daşoguz welaýatlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Onda halk aýdym-sazlarynyň, estrada aýdymçylarynyň çykyşlarynyň folklor toparlarynyň özboluşly tanslary bilen utgaşmagy medeni çäräniň maksatnamasynyň döwrebap derejede taýýarlanylmagyna hemmetaraplaýyn çemeleşilendigini görkezýär.

Balkan hem-de Daşoguz welaýatlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň döredijilik çykyşlarynyň ýatda galyjy, täsirli pursatlara beslenmegi dabaranyň döwrüň ruhuna kybap derejede guralýandygyny tassyklaýar. Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy alkyşlap ýerine ýetirilen çykyşlar halkymyzyň Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize çuňňur hormatynyň nyşany boldy.

Hepdeligiň ikinji gününiň çäreleri Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda jemlendi. Bu ýerde “Bedew rowaýaty” atly sahna oýnunyň görkezilişi boldy. Adyndan hem belli bolşy ýaly, bu sahna eseri ahalteke bedewlerine bagyşlanýar. Sahnalaşdyrylan eserde türkmen bedewiniň wepadarlygy dürli wakalaryň üsti bilen açylyp görkezilýär. Küştdepdiniň gaýtalanmajak öwüşginleri siňdirilen spektaklda behişdi bedewleri ýetişdiren türkmen topragy, ahalteke bedewleriniň owadanlygy çeper wasp edilýär.

Şeýlelikde, Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň ikinji güni medeniýet, sungat we döredijilik işgärleriniň özboluşly baýramçylygyna öwrülen hepdeligiň çäreleriniň türkmen medeniýetini, sungatyny has-da kämilleşdirmek, onuň köpöwüşginliligini giňden beýan etmek ugrunda baý mazmunly çykyşlary özünde jemledi.