Ï Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň alty aýynda 415 medal gazandylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň alty aýynda 415 medal gazandylar

view-icon 55
Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň alty aýynda 415 medal gazandylar

Şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda türkmen türgenleri halkara ýaryşlarda jemi 415 medal gazandylar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow hökümet mejlisinde 2026-njy ýylyň alty aýynda ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri boýunça hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ugrunda netijeli işler alnyp baryldy. Türkmen türgenleri halkara ýaryşlarynda ýokary netijeleri görkezip, diňe iýun aýynda 114 medal gazanmagy başardylar. Şeýlelikde, şu ýylyň ilkinji alty aýynda milli ýygyndy toparyň medallar gaznasy 415 medala ýetirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýaşlaryň köpçülikleýin sport bilen meşgullanmagy üçin has amatly şertleri döretmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini belläp, bu ugurda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.