Ï Inklýuziw sportuň dabarasy: türkmen futbolçylary Şwesiýada geçirilen «Gothia Cup» kubogynyň eýesi boldular
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Inklýuziw sportuň dabarasy: türkmen futbolçylary Şwesiýada geçirilen «Gothia Cup» kubogynyň eýesi boldular

view-icon 345
Inklýuziw sportuň dabarasy: türkmen futbolçylary Şwesiýada geçirilen «Gothia Cup» kubogynyň eýesi boldular

Şwesiýanyň Gýoteborg şäherinde geçirilen abraýly halkara «Gothia Cup» ýaryşynda 7x7 görnüşindäki futbol boýunça Türkmenistanyň erkekler ýygyndy toparynyň gazanan ýeňşi ýurdumyzyň sport ulgamyndaky nobatdaky uly üstünligine öwrüldi.

17 ýurtdan saglyk mümkinçilikleri çäkli bolan türgenleriň gatnaşan bu iri ýaryşy deňhukuklylygyň, berk erkiň we ýokary sport ussatlygynyň aýdyň dabarasyna öwrüldi. Türkmenistanyň Ýörite olimpiada milli merkeziniň (TÝOMM) howandarlygynda döredilen milli ýygyndymyz Ýewropa meýdançasynda ýokary taýýarlygyny we toparlaýyn oýnuny üstünlikli görkezdi.

Toparlaýyn tapgyrdan başlap, türkmen futbolçylary oýunda uly artykmaçlygy ele alyp, taktik taýdan tertip-düzgüni we ussatlygy bilen tapawutlandy. Milli ýygyndymyz ilkinji duşuşygynda Hindistanyň toparyny 6:0 hasabynda ynamly ýeňdi. Ikinji tapgyrda bolsa finlýandiýaly türgenlerden 7:0 hasabynda üstün çykyp, üstünlikli çykyşyny dowam etdirdi. Toparlaýyn tapgyryň soňky duşuşygynda Estoniýanyň ýygyndysy 7:3 hasabynda ýeňlip, türkmen topary toparlaýyn oýunda birinji orny eýeläp, finala çykmaga hukuk gazandy.

Altyn medal ugrunda geçirilen çözgütli duşuşyk futbolçylardan ýokary ussatlygy, ruhubelentligi we bilelikde toparlaýyn hereket etmegi talap etdi. Finalda ýene-de Estoniýanyň ýygyndysy bilen duşuşan türkmen futbolçylary bu gezek hem özleriniň artykmaçlygyny subut etdiler. Güýçli göreşde 4:3 hasabynda ýeňiş gazanan milli ýygyndymyz «Gothia Cup» kubogynyň eýesi bolup, altyn medala mynasyp boldy.

Türkmenistanyň futbolçylarynyň inklýuziw sport boýunça gazanan bu ajaýyp üstünligi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda sport ulgamynda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň nobatdaky aýdyň netijesidir.

Ýurdumyzda saglyk mümkinçilikleri çäkli raýatlaryň durmuşda öz ornuny tapmagy, ukyp-başarnygyny doly açyp görkezmegi, jemgyýetçilik we halkara durmuşa işjeň gatnaşmagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Döwlet tarapyndan edilýän yzygiderli alada olaryň täze üstünliklere ruhlanmagyna, Watanymyzyň mukaddes ýaşyl Tuguny dünýäniň iri sport meýdançalarynda belende galdyrmagyna giň mümkinçilik döredýär.