Ï 14 ýaşly tennisçi Ali Geldiýew ýetginjekleriň «Roland-Garros» ýaryşynyň saýlama tapgyrynda ilkinji gezek Türkmenistanyň adyndan çykyş eder
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

14 ýaşly tennisçi Ali Geldiýew ýetginjekleriň «Roland-Garros» ýaryşynyň saýlama tapgyrynda ilkinji gezek Türkmenistanyň adyndan çykyş eder

view-icon 188
14 ýaşly tennisçi Ali Geldiýew ýetginjekleriň «Roland-Garros» ýaryşynyň saýlama tapgyrynda ilkinji gezek Türkmenistanyň adyndan çykyş eder

Türkmenistanyň geljegi uly ýaş tennisçileriniň biri Ali Geldiýew ilkinji gezek «Roland-Garros Junior Series by Renault Qualification for West and Central Asia» atly halkara ýaryşyna gatnaşar. Bu bäsleşik 17 – 22-nji awgust aralygynda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçiriler.

Ýaryş Merkezi we Günbatar Aziýanyň ýaş tennisçileri üçin sebitleýin saýlama tapgyry bolup durýar. Bäsleşigiň netijeleri boýunça iň güýçli türgenler oktýabr aýynda Ýaponiýada geçiriljek ýetginjekleriň arasynda «Roland-Garros» ýaryşynyň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanarlar. Hut şol ýerde dünýä tennisiniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan 2027-nji ýylyň ýetginjekler «Roland-Garros» ýaryşyna gatnaşmak üçin ýollanmalar ugrunda bäsleşikler dowam etdiriler.

14 ýaşly türkmen türgeni Almatyda çykyş etmäge halkara we Aziýa reýtingindäki görkezijileri netijesinde mümkinçilik aldy. Onuň reýting esasynda abraýly ýaryşa gatnaşmaga çagyrylmagy Ali Geldiýewiň taýýarlyk derejesiniň ýokarydygyny we halkara meýdançasynda durnukly netijeleri görkezýändigini ýene bir gezek subut etdi. Ýaşyna garamazdan, türkmen tennisçisi eýýäm Aziýanyň iri ýaryşlarynda özüni tanatmagy başardy.

Aliniň ilkinji uly halkara üstünligi 2024-nji ýylyň oktýabrynda Kataryň Doha şäherinde geçirilen «ATF U14» Aziýa ýetginjekler ýaryşynyň 3-nji tapgyrynda gazanyldy. Şonda 12 ýaşly türgen birbada iki ugurda ýeňiş gazandy. Ol ýekeleýin görnüşde hem-de Ýunus Annameradow bilen bilelikde jübütleýin bäsleşikde çempion boldy. Ali Geldiýew çempionlyga barýan ýoluna saýlama ýaryşlaryndan başlady we soňra esasy bäsleşikde yzly-yzyna bäş ýeňiş gazanmagy başardy.

2025-nji ýylda Ali Geldiýew Bahreýnde geçirilen «ITF World Junior U14» ýaryşynyň deslapky tapgyrynda Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysynyň öňdebaryjy türgenleriniň birine öwrüldi. Türkmen tennisçisi ýekeleýin görnüşde geçiren ähli duşuşyklarynda ýeňiş gazanyp, birnäçe täsirli netijäni görkezdi. Şolaryň hatarynda sebitiň güýçli tennisçileriniň biri bolan siriýaly Muhamad Eýad Salimiň üstünden gazanan ýeňşi hem bar. Aliniň ynamly çykyşy Türkmenistanyň milli ýygyndysyna bu ýaryşdaky çykyşlarynyň taryhynda iň gowy netijäni görkezmäge ýardam etdi.

Ýaş türgeniň ýene bir uly üstünligi 2025-nji ýylyň awgust aýynda Tailandyň Nonthaburi şäherinde 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen halkara tennis ýaryşynda gazanyldy. 12 ýurduň iň güýçli ýaş tennisçileriniň gatnaşan bäsleşiginde türkmen türgeni ýekeleýin we jübütleýin görnüşlerde çempion boldy. Jübütleýin bäsleşikde onuň ýoldaşy Kerimgeldi Guldurdyýew boldy.

Şu möwsümde Ali ösüşini ynamly dowam etdirdi. 2026-njy ýylyň martynda ol Şri-Lankada geçirilen deslapky ýaryşda üstünlikli çykyş edip, Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysynyň 16 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilýän Dewisiň Kubogynyň saýlama tapgyrynyň jemleýji tapgyryna taryhda ilkinji gezek çykmagyna goşant goşdy.

Iki aýdan soň bolsa Ali Geldiýew milli tennisiň taryhyna ýene bir gezek öz adyny ýazdyrdy. Ol erkekleriň arasynda Türkmenistanyň çempiony bolup, 14 ýaşynda milli çempionatyň ýeňijisi bolmak bilen, ýurdumyzyň taryhynda iň ýaş çempion diýen rekordy goýdy.

Ali uly tennis ýoluna Türkmenabat şäheriniň 9-njy sport mekdebinde başlady. Ol bu ýerde Babamyrat Mamatrasulowyň ýolbaşçylygynda tälim aldy. Häzirki wagtda geljegi uly türgen Aşgabat şäherinde tejribeli tälimçiler Meýlis Orazmuhammedowyň we Ýuriý Rogusskiniň ýolbaşçylygynda ussatlygyny kämilleşdirýär.

Almatyda geçiriljek ýaryş ýaş türkmen tennisçisi üçin ýene bir möhüm synag hem-de dünýäniň iň abraýly ýetginjekler ýaryşlarynyň biri bolan «Roland-Garros» bäsleşigine tarap ýene bir ädim ätmäge mümkinçilik bolar. Gazagystandaky üstünlikli çykyş Ali Geldiýewe Ýaponiýada geçiriljek «Roland-Garros Junior Series» ýaryşynyň jemleýji tapgyryna gatnaşmak ugrunda göreşi dowam etdirmäge mümkinçilik berer. Şol ýerde 2027-nji ýylyň Fransiýanyň açyk ýetginjekler çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanjak türgenler kesgitlener.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň şeýle abraýly saýlama ýaryşyna gatnaşmagy milli tennisimiziň üstünlikli ösdürilýändiginiň, şeýle hem Aziýanyň güýçli ýaş tennisçileri bilen mynasyp bäsleşmäge ukyply täze zehinli türgenleriň nesliniň kemala gelýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.