Ï Welosipedçileriň halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Welosipedçileriň halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary başlandy

view-icon 218
Welosipedçileriň halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary başlandy

Paýtagtymyzda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi welosport klubynyň türgenleri bilen Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň bilelikdäki okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna badalga berildi. Halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary 20-nji awgusta çenli dowam edip, möwsümiň iň iri ýaryşlaryna taýýarlygyň möhüm tapgyry bolar.

Bilelikdäki okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirmek baradaky teklip Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Ministrler Kabinetiniň mejlisinde makullandy. Bu başlangyç Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky halkara sport hyzmatdaşlygyny ösdürmekde nobatdaky ädim boldy.

Türkmenistanyň paýtagtyna Abu-Dabiden 28 adamdan ybarat wekiliýet geldi. Onuň düzümine klubyň dolandyryjysy, iki tälimçi, tigir ussasy we 24 türgen girýär. Myhmanlar «Türgenler» myhmanhanasynda ýerleşdirildi. Türgenleşikler Olimpiýa şäherçesiniň döwrebap sport desgalarynda, şeýle hem Aşgabadyň we onuň töweregindäki awtomobil ýollarynda geçirilýär.

Taýýarlyk maksatnamasynda şosse türgenleşiklerine aýratyn üns berilýär. Welosipedçiler türgenleşiklerini her gün paýtagtymyzyň Atatürk, Köpetdag köçeleriniň, Arçabil şaýolunyň hem-de Gökdere jülgesiniň ýollarynyň ugurlarynda geçirerler. Ýygnanyşyklaryň dowamynda olar 60-dan 150 kilometre çenli uzalýan ugurlar boýunça jemi 1270 kilometre golaý ýoly geçerler.

Olimpiýa şäherçesindäki Welotrek sport toplumynda hem baý mazmunly maksatnama göz öňünde tutulýar. Bu ýerde alty sany ýöriteleşdirilen türgenleşik sapagy we üç sany okuw-usulyýet maslahaty geçiriler. Maslahatlarda türgenleri taýýarlamagyň häzirki zaman usullary, türgenleşik işiniň guramaçylygy, ýol hereketiniň howpsuzlygy hem-de lukmançylyk goldawy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Ähli çäreler degişli döwlet edaralary bilen hyzmatdaşlykda geçirilýär.

Bilelikdäki okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary indi asylly däbe öwrüldi. Türkmenistanyň Welosport federasiýasy bilen Abu-Dabi welosport klubynyň arasyndaky sport hyzmatdaşlygy 2023-nji ýyldan bäri üstünlikli ösdürilýär. Şol döwürde taraplar yzygiderli bilelikdäki türgenleşikleri geçýärler, tejribe alyşýarlar we halkara ýaryşlara gatnaşýarlar. Şeýle ýygnanyşyklar Aşgabatda 2023-nji, 2024-nji we 2025-nji ýyllarda hem geçirilipdi. Türkmen welosipedçileri bolsa 2023-nji we 2024-nji ýyllarda Abu-Dabide geçirilýän abraýly höwesjeň «Gran Fondo» welosport ýaryşyna iki gezek gatnaşdylar.

Şu gezekki ýygnanyşyklarda Türkmenistan tarapyndan ýurdumyzyň iň güýçli 15 welosipedçisi çykyş edýär. Olar baş tälimçi Kakabaý Ataýewiň we onuň kömekçisi Igor Ýoldaşewiň ýolbaşçylygynda türgenleşýärler. Daşary ýurtly kärdeşler bilen bilelikde alnyp barylýan işler milli ýygyndymyzyň beden taýýarlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de taktiki ussatlygyny kämilleşdirmäge mümkinçilik berer.

Bilelikdäki türgenleşikler öňde duran möhüm halkara ýaryşlaryň öňüsyrasynda aýratyn ähmiýete eýedir. Ýygnanyşyk tamamlanandan soň, türkmen ýygyndysy 28 – 30-njy awgust aralygynda Tailandda geçiriljek welosport boýunça Aziýa Kubogy ugrundaky ýaryşlara gatnaşar.

Möwsümiň iň möhüm ýaryşy bolsa 19-njy sentýabrdan 4-nji oktýabra çenli Ýaponiýanyň Aýti prefekturasynda we Nagoýa şäherinde geçiriljek XX tomusky Aziýa oýunlary bolar. Häzirki wagtda tälimçileriň we türgenleriň esasy tagallalary hut şu iri ýaryşa üstünlikli taýýarlyga gönükdirilendir.

Sebitiň öňdebaryjy welosport klublarynyň biri bilen geçirilýän bilelikdäki okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary diňe bir türkmen welosipedçileriniň sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga däl, eýsem, sport ulgamyndaky halkara gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem ýardam edýär. Şeýle hyzmatdaşlyk milli ýygyndymyzyň Aziýa derejesindäki iri ýaryşlara ýokary derejede taýýarlanmagy üçin täze mümkinçilikleri döredýär.