Ï D.Durdyýewiň gollary «Arkadag» futbol toparyna ýeňiş getirdi, «Ahal» topary bolsa uly ýeňlişe sezewar boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

D.Durdyýewiň gollary «Arkadag» futbol toparyna ýeňiş getirdi, «Ahal» topary bolsa uly ýeňlişe sezewar boldy

view-icon 48
D.Durdyýewiň gollary «Arkadag» futbol toparyna ýeňiş getirdi, «Ahal» topary bolsa uly ýeňlişe sezewar boldy

Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň toparlarynyň arasynda geçirilýän futbol boýunça çempionatyň 19-njy tapgyry janköýerlere gyzykly duşuşyklary we kümüş medallar ugrundaky göreşde garaşylmadyk öwrümleri peşgeş berdi.

Gyzgalaňlylygy we netijeliligi bilen tapgyryň merkezi duşuşygy Balkanabat şäherindäki «Sport toplumy» stadionynda ýerli «Nebitçi» bilen möwsümiň öňdebaryjysy «Arkadag» toparlarynyň arasynda geçirildi. Myhmanlar eýýäm 2-nji minutda Didar Durdyýewiň 11 metrlik jerime urgusyndan geçiren takyk goly bilen hasaby açdylar. Emma meýdançanyň eýeleri tiz wagtda özüni dürsäp, duşuşygyň gidişini üýtgetmegi başardylar: 8-nji minutda Hydyr Agöýliýew hasaby deňledi, 30-njy minutda bolsa Muhammet Annaýew «Nebitçi» toparyny öňe çykardy – 2:1.

Şeýle-de bolsa, ýer eýeleri artykmaçlygyny saklap bilmediler. Muňa Durdyýewiň ajaýyp oýny sebäp boldy. Soňky dört milli çempionatyň iň netijeli hüjümçisi pokerini resmileşdirdi: birinji ýarymyň goşmaça wagtynda (45+2) ol hasaby deňledi, ikinji ýarymda bolsa 57-nji we 72-nji minutlarda ýene iki gol geçirip, «Arkadag» toparyna 4:2 hasabynda ýeňiş getirdi.

Tapgyryň esasy täzeligi Türkmenbaşy şäherinde bolup geçdi. Bu ýerde ýerli «Şagadam» topary «Ahal» toparyny kabul etdi. Myhmanlar duşuşyga gowşak düzümi bilen çykdylar. Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň 2027-nji ýylda Tailandda geçiriljek Aziýanyň Kubogy ugrundaky saýlama ýaryşyna gatnaşýandygy sebäpli, «Ahal» topary ýaşlar ýygyndysynyň kapitany we esasy oýunçysy Ýakupmuhammet Gowşudowsyz oýnamaly boldy. Öý eýeleri garşydaşynyň düzümindäki kynçylyklardan ýerlikli peýdalandylar. Birinji ýarymyň ahyrynda (45+1) Yhlas Magtymow «Şagadam» topary üçin hasaby açdy, 80-nji minutda bolsa Musa Nurnazarow deňizýaka toparynyň artykmaçlygyny berkitdi. 83-nji minutda Döwran Hojamämmedowyň geçiren goly myhmanlaryň yza galmagyny diňe biraz azaltdy – «Şagadam» topary 2:1 hasabyndaky ýeňşini saklap, «Ahal» toparyny kümüş medal ugrundaky göreşde örän möhüm utuklardan mahrum etdi.

Paýtagtymyzyň «Nisaý» stadionyndaky duşuşykda «Aşgabat» topary bilen «Köpetdag» topary duşuşdy. Toparlar duşuşygyň başynda biri-biriniň derwezesine gol geçirdiler: 10-njy minutda Emir Berdiýew «Köpetdag» toparyny öňe çykardy, emma dört minutdan soň Merdan Muhadow hasaby deňledi. Duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

Tapgyryň «Altyn asyr» bilen «Merw» toparlarynyň arasyndaky ýene bir duşuşygy Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysynyň halkara ýaryşyna gatnaşýandygy sebäpli ätiýaçlyk günleriň birine geçirildi.

Yzygider 20-nji ýeňşini gazanan «Arkadag» topary 60 utuk toplap, ikinji orundaky «Ahal» toparyndan (18 duşuşykdan soň 36 utuk) arany 24 utuga ýetirdi. Üçünji orunda 17 duşuşykdan soň 35 utuk toplan «Altyn asyr» topary ýerleşýär.

«Şagadam» toparynyň gazanan ajaýyp ýeňşi topara ýaryş tertibinde ýokary galmaga mümkinçilik berdi. Topar 19 utuk bilen «Nebitçi» topary bilen 4 – 5-nji orunlary paýlaşýar. Olardan iki utuk yzda «Merw» topary (17 duşuşyk) ýerleşýär. Ýedinji orunda 20 duşuşykdan soň 15 utukly «Aşgabat» topary, iň soňky orunda bolsa 19 duşuşykdan soň 13 utuk toplan «Köpetdag» topary ýerleşýär.

Hüjümçileriň ýaryşynda «Arkadag» toparynyň futbolçysy Didar Durdyýew geçiren pokerinden soň öz ýeke-täk öňdeligini has-da berkitdi. Onuň hasabynda 22 gol bar (olaryň 4-si 11 metrlik jerime urgusyndan). Ol yz ýanyndan gelýänlerden 13 gol öňe saýlandy. Ikinji orny 9 goldan geçiren «Köpetdag» toparynyň futbolçysy Arslan Saparow (1 gol 11 metrlik jerime urgusyndan) bilen «Ahal» toparynyň hüjümçisi Süleýman Mirzoýew (2 gol 11 metrlik jerime urgusyndan) paýlaşýar.