Ï Türkmenistan «akylly» şäherleriň bitewi platformasyny döretmegi teklip etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan «akylly» şäherleriň bitewi platformasyny döretmegi teklip etdi

view-icon 386
Türkmenistan «akylly» şäherleriň bitewi platformasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasyna bolan döwlet saparynyň çäklerinde «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi we şäher gurşawyny tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns berdi.

«Türkmenistan şäher ösüşini we infrastrukturasyny, täze talaplardyr meýillere laýyk gelýän häzirki zaman urbanistik gurşawyny döretmegi biziň formatymyzyň çäklerindäki bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ýakynda öňe süren «Akylly» şäherleriň diplomatiýasy» başlangyjyna salgylanmak isleýärin. Bu başlangyç tagallalary birleşdirmegi, tejribe we maglumat alyşmagy, ylmy-tehniki gazananlary bilelikde ornaşdyrmagy, umuman, urbanistikanyň, şäher gurluşygynyň integrirlenen, netijeli nusgalaryny döretmegi göz öňünde tutýar» diýip, döwlet Baştutanymyz çykyşynda nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň formata gatnaşýan ýurtlaryň arasynda ynanyşmagy, deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam etmäge, bu formatyň işjeň agzasy bolmaga taýýardygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň ynanyşmaga esaslanýan dialogyň ýörelgelerine we bilelikdäki taslamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge ygrarlydygyny tassyklady.