Ï «Gözel Hytaý: Sinszýanyň sungaty we gözelligi» atly sergi açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Gözel Hytaý: Sinszýanyň sungaty we gözelligi» atly sergi açyldy

view-icon 246
«Gözel Hytaý: Sinszýanyň sungaty we gözelligi» atly sergi açyldy

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Hytaýyň Edebiýat we sungat işgärleriniň ählihytaý birleşiginiň halkara aragatnaşyklar bölümi, Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň Edebiýat we sungat işgärleriniň birleşigi hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guralan «Gözel Hytaý: Sinszýanyň sungaty we gözelligi» atly şekillendiriş we foto sungaty sergisiniň dabaraly açylyşy boldy.

Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň medeniýet ministri Gurbanymyrat Myradalyýew, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin, Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory Ysmaýyl Orazow, şeýle hem Hytaýyň Edebiýat we sungat işgärleriniň ählihytaý birleşiginiň başlygynyň orunbasary, Sinszýan suratkeşler birleşiginiň başlygy Kuaý Çženmin gatnaşdylar.

Çäräniň myhmanlarynyň hatarynda diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, meşhur medeniýet işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Hytaýyň kärhanalarynyň işgärleri, diaspora wekilleri we talyp ýaşlar hem boldy.

Gutlag sözünde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin iki döwletiň arasynda gadymdan gelýän gatnaşyklaryň we depginli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň bardygyny, söwda-ykdysady, medeni we bilim ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny belledi:

— Hytaý bilen Türkmenistan gadymy taryhy bolan ýurtlardyr. Bizi Beýik Ýüpek ýoly berk baglanyşdyrýar. Soňky ýyllarda medeni merkezleri özara döretmek baradaky ylalaşyklardan başlap, «Lu Ban ussahanasynyň» we Hytaý lukmançylygy merkeziniň açylmagyna çenli ynsanperwer hyzmatdaşlygymyzyň mazmuny has-da baýlaşdy. Bu serginiň biziň üçin täze ýollary açmagyny, medeni alyş-çalyş üçin has köp mümkinçilikleri duýmaga ýardam bermegini we özara hyzmatdaşlygymyza täze itergi bermegini isleýäris. Bu eserleriň üsti bilen türkmen dostlarymyzyň sazlaşyklylygy, agzybirligi, açyklygy we ösüşi bilen tapawutlanýan Sinjan bilen has ýakyndan tanyşjakdyklaryna umyt edýäris.

Köpugurly sergi Sinszýanyň hakyky we janly keşbini açyp görkezýär. Häzirki zaman kärhanalaryň kuwwatyny we şäher görnüşlerini görkezýän senagat suratlaryndan başlap, Týan-Şan daglarynyň hem-de oazisleriň ajaýyp tebigatyny şekillendirýän fotosuratlara çenli dürli žanrlardaky işler döwrüň ruhuny we adamlaryň gündelik durmuşyny, olaryň mähirli ýylgyryşlaryny şöhlelendirýär. Şol bir wagtyň özünde, nakgaşlyk eserleri we däp bolan grafika tomaşaçylary hytaý filosofiýasynyň çuňňur dünýäsi bilen tanyşdyryp, halklaryň däp-dessurlaryny we dostlugyny açyp görkezýär.

Kuaý Çženmin öz çykyşynda şeýle belledi:

— Biz Hytaýyň Sinszýan sebitinde ýaşaýan ähli milletleriň wekilleriniň çuňňur dostluk duýgularyny hem-de täze döwürde edebiýat we sungat babatda gazanylan üstünlikleri özümiz bilen getirdik. Bu eserleriň üsti bilen Türkmenistandan we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlaryndan dostlarymyzyň häzirki zaman Hytaýynyň depginli ösüşini hakyky, köpugurly we giňişleýin tanamaklaryny, şeýle hem Sinszýan topragynyň gözelligini, sazlaşygyny we gülläp ösüşini has ýakyndan duýmaklaryny isleýäris.

Bellemeli ýeri, geçen ýyl bu sergi Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň döredilmeginiň 70 ýyllygyna bagyşlanyp, Gazagystanda we Özbegistanda görkezildi. Aşgabatda sergi 11-nji noýabra çenli dowam eder. Ol paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna Sinszýanyň sungaty we köptaraply medeniýeti bilen tanyşmak üçin ajaýyp mümkinçilik döreder.