Ï Milli manat — okgunly ykdysady ösüşiň nyşany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Milli manat — okgunly ykdysady ösüşiň nyşany

view-icon 130

Şu gün paýtagtymyzdaky «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň mejlisler jaýynda milli pul birligi — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 33 ýyllygyna bagyşlanyp “Milli manat — täze taryhy döwrüň bedew batly ösüşleriniň binýady” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa döwlet hem-de paýdarlar täjirçilik banklarynyň, maliýe-ykdysadyýet toplumynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar.

Maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň bank ulgamynyň ösüşini beýan edýän sergini synladylar. Döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Ylmy-amaly maslahatda milli manadyň dolanyşyga girizilmegi bilen, ýurdumyzda gazanylýan ykdysady üstünlikler, pul-karz syýasatynyň durmuşa geçirilişi, bank ulgamyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy arkaly döwrebap bank hyzmatlarynyň ýola goýulmagy, elektron tölegler ulgamynyň kämilleşdirilmegi, halkara maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlyk ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň möhüm sene mynasybetli bank işgärlerine we ähli halkymyza iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, täze taryhy döwrümizde bank ulgamy ýokary depginde ösýän ulgamlaryň birine öwrüldi. Ulgama döwrebap sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly maliýe we ykdysadyýet ulgamynyň işiniň tizligi artdyrylýar, hyzmatlaryň gerimi giňeldilýär hem-de olaryň netijeliligi ýokarlandyrylýar. Türkmen manadynyň ykdysadyýetde dolanyşygy yzygiderli kämilleşýär, tiz pul dolanyşygynyň esasynda täze önümçilikleriň sany artýar. Ilatyň maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem bank işgärleriniň hünär derejesini yzygiderli kämilleşdirmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar.

Maslahatda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşi, pul dolanyşygynyň we ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň netijeli alnyp barylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döretdi. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän pul-karz syýasatynyň strategik ugurlary pul dolanyşygynyň durnuklylygyny, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekden, ilatyň maddy hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmakdan, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmakdan, bank ulgamynyň halkara maliýe bazarlaryna utgaşykly goşulyşmagy üçin amatly makroykdysady şertleri döretmekden ybaratdyr. Bu maksada ýetmekde bazar ykdysadyýetiniň wajyp düzüm bölegi bolan bank ulgamynyň ähmiýeti örän uludyr.

Nygtalyşy ýaly, milli pul birligimiz — manat bedew bady bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň, halkymyzyň abadan we bolelin ýaşaýşynyň möhüm görkezijisidir. Onuň taryhy, döredilişi we häzirki ösüşi ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamynyň ösüşi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Milli puluň sanly ulgamlara uýgunlaşdyrylmagy Türkmenistanyň ykdysady ösüşi üçin täze mümkinçilikleri açýar. Geçen ýylyň dekabr aýynda ýurdumyzyň Merkezi banky 1, 5, 10 manatlyk modifisirlenen polimer banknotlary, şeýle hem täze 200 manatlyk polimer banknoty dolanyşyga girizdi. Bu pullaryň hapalanma, könelme, zeperlenme ýaly täsirlere durnuklylygy bilen tapawutlanýandygyny aýratyn bellemek gerek.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde gazanylýan üstünlikler we ösüşler ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda öz beýanyny tapýar. Milli ykdysadyýetiň her ýylda yzygiderli ösmegi, adam mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberiniň barha artmagy raýatlaryň durmuş goraglylygyny berkitmäge, ilatyň maddy-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, hususan-da, olaryň girdejilerini yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Maslahatda ýurdumyzda kabul edilýän milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi hem-de sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygy we halkara ykdysady ulgamdaky ornunyň barha pugtalanýandygy aýratyn bellenildi. Sanly ykdysadyýete geçilmegi önümçilikde hem-de hyzmatlar ulgamynda harajatlary peseltmäge, halkara bazarlarda bolup geçýän özgertmelere çalt uýgunlaşmaga, ýokary çeýeligi üpjün etmäge oňyn ýardam berýär. Maglumatlaryň we tehnologiýalaryň elýeterliligine daýanýan sanly ykdysadyýet özara gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň açylmagyna giň mümkinçilikleri döredýär.

Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň çäklerinde karz edaralarynyň işini döwrebaplaşdyrmak, bank hyzmatlarynyň hilini halkara derejä çykarmak we görnüşlerini artdyrmak hem-de milli pulumyzyň hümmetiniň durnuklylygyny üpjün etmek ykdysady ösüşimiziň ileri tutulýan ugurlary bolmagynda galýar. Täze tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylmagy ilata töleg-hasaplaşyk, depozit we beýleki hyzmatlary banka barmazdan ýerine ýetirmäge mümkinçilik döredýär. Bank ulgamyny has-da kämilleşdirmek, milli töleg ulgamyny ösdürmek we onuň netijeliligini, ygtybarlylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, töleg ulgamy döwrebap maglumat tehnologiýalary we kompýuter programmalary bilen yzygiderli üpjün edilýär.

Ýurdumyzyň bank edaralarynyň ýolbaşçylary çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde maýa goýum işiniň gerimini has-da giňeltmek, şeýle-de bank amallaryny we hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler barada giňişleýin durup geçdiler. Ýurdumyzda pul dolanyşygynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, karz edaralary tarapyndan milli we halkara töleg ulgamlarynyň gerimini giňeltmek, şeýle-de halkara tejribäniň öňdebaryjy, döwrebap tilsimatlaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary ösdürmek, kämilleşdirmek işleri döwrüň talaby bolup durýar.

Sanly tehnologiýalar esasynda täze bank hyzmatlarynyň geriminiň giňelmegi, kompýuter enjamlarynyň we serişdeleriniň ähli ulgamlara ornaşdyrylmagy, tölegleriň, hasaplaşyk usullarynyň kämilleşdirilmegi, täze tehnologiýalaryň ösdürilmegi, sanly bank hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlanmagy netijesinde döwrebap bank hyzmatlaryny müşderilere amatly usullarda hödürlemäge hem-de giňden peýdalanmaga oňaýly şertler döredilýär. Muňa mysal edip, ýurdumyzyň islendik ýerinden bankomatlaryň, töleg terminallarynyň, «Internet-bank», «Mobil-bank» we «Elektron söwda» ulgamlarynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde hasaplaşyklaryň dürli görnüşlerini uzak aralykdan amala aşyrmak, şeýle hem, karz edaralary tarapyndan ilata bank kart hasaplaryny açmak, olary täzeden çap etmek boýunça arzalaryny elektron görnüşinde resmileşdirmek ýaly amatly mümkinçilikleri görkezmek bolar. Bulardan başga-da, ýurdumyzyň karz edaralarynyň hyzmatlar ulgamynda «Galtaşyksyz töleg» tehnologiýasyny ornaşdyrmak we kämilleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Çykyş edenler sanly ykdysadyýete geçmekde emeli aň ulgamynyň ösdürilmeginiň, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşynyň höweslendirilmeginiň we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ilerledilmeginiň häzirki döwürde aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyny nygtadylar. Şeýle hem maglumatlaryň kiberhowplara garşy goraglylygynyň üpjün edilmegine, maliýe ulgamynyň, döwlet dolandyryşynyň durnuklylygynyň ýokarlandyrylmagyna uly üns berilýär. Innowasiýalar önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrýar, täze mümkinçilikleri döredýär we ilatyň durmuş derejesiniň gowulanmagyna hyzmat edýär. Arkadag şäheriniň innowasion ösüş tejribesi hem-de “akylly” şäher gurşawyny döretmekde telekeçileriň işjeňligi ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň üstünlikli netijelerini görkezýär. Geljekde hem täze tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmäge we halkara derejede bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga hyzmat eder. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» ýurdumyzyň maliýe we bank edaralarynyň öňünde durýan wezipelere üns çekildi.

Maslahata gatnaşyjylar ykdysady ulgamda netijeli gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň halkara giňişlikde gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar, şol sanda iri maliýe düzümleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýandygyny bellediler. Şunuň bilen birlikde, bank ulgamy üçin ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagy hemişe üns merkezinde saklanylýar.

Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzyň maliýe we bank edaralarynyň işiniň kämilleşdirilmegine berýän yzygiderli ünsi hem-de döredip berýän döwrebap şertleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny beýan etdiler. Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.