Ï Türkmen karateçisiniň halkara üstünligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen karateçisiniň halkara üstünligi

view-icon 125
Türkmen karateçisiniň halkara üstünligi
camera-icon
Türkmenistanyň Karatedo federasiýasy

Türkmen türgeni Dawut Nazmyradow Russiýanyň paýtagtynda tamamlanan «Moskwa – Karate älemi 2026» atly abraýly halkara ýaryşynda bürünç medala mynasyp boldy.

Moskwanyň Sport departamenti bilen Russiýanyň Karate federasiýasy tarapyndan bilelikde guralan ýaryş Irina Winer adyndaky Gimnastika köşgünde geçirildi. Oňa 46 ýurtdan 348 türgen, şol sanda Olimpiýa oýunlarynyň baýrak eýeleri, dünýä we yklym çempionatlarynyň ýeňijileri gatnaşdylar. Final tutluşyklarynyň öňüsyrasynda tomaşaçylara aýdymçy Anita Soýuň Karate gimnini ýerine ýetirmegi, «Todes» balet toparynyň hem-de karate baradaky Russiýanyň ilkinji çagalar filmi bolan «Çaga karateçi» filminiň artistleriniň gatnaşmagynda täsirli şow maksatnamasy hödürlendi.

Türkmenistanyň Karatedo federasiýasynyň habar bermegine görä, Balkanabat şäherinden bolan 22 ýaşly sport ussatlygyna dalaşgär Dawut Nazmyradow 75 kilograma çenli agram derejesinde hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy. Onuň medal ugrundaky göreşi toparlaýyn aýlaw tapgyryndan üstünlikli geçmek bilen başlandy. Ilkinji tutluşykda ol Yrakly Said Brýar bilen 5:5 hasabynda deňme-deň oýnady. Soňra Russiýanyň wekili Iwan Sokolowy 4:0, Serbiýanyň wekili Nikola Kaplarewiçi bolsa 2:0 hasabynda ýeňdi.

1/8 final tapgyrynda türkmen karateçisi eýranly Morteza Nemati bilen geçirilen tutluşykda 1:2 hasabynda ýeňildi. Muňa garamazdan, ol çykyşyny dowam etdirdi. Bu tapgyrda Russiýanyň wekili Dmitriý Solkomony 3:0 hasabynda ýeňen türgenimiz bürünç medal ugrundaky tutluşykda Özbegistanyň wekili Mamaýusuf Mukimjonowdan 3:1 hasabynda üstün çykdy.

Dawut Nazmyradowyň sport ýoly üstünliklere beslenýär. Ol ilkinji gezek 2022-nji ýylda 18 – 24 ýaş aralygyndaky türgenleriň arasynda Türkmenistanyň çempiony bolmak bilen özüni tanatdy. Şeýle-de şol ýyl Berlinde geçirilen «Banzai International Cup» halkara ýaryşynda we Çehiýanyň Pardubise şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda 21 ýaşa çenli türgenleriň arasynda baýrakly orunlara mynasyp boldy.

2024-nji ýylda bolsa türgeniň gazanan üstünlikleriniň üstüne Filippinleriň Manila şäherinde geçirilen 21 ýaşa çenli türgenleriň arasyndaky Aziýa çempionatynyň hem-de Hytaýyň Hançžou şäherinde geçirilen ulularyň arasynda Aziýa çempionatynyň bürünç medallary goşuldy. Mundan başga-da, ol Özbegistanyň Ürgenç şäherinde geçirilen «Uzbekistan Open» ýaryşynda we Samarkantda geçirilen Merkezi Aziýa çempionatynda ýeňiji boldy. Şu güýzde bolsa türgen Ýaponiýanyň Nagoýa şäherinde geçirilen XX tomusky Aziýa oýunlarynda kümüş medalyň eýesi boldy.

Ýaş we zehinli türgeniň gazanan bu üstünliklerinde Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Aýdyň Çaryýewiň hem mynasyp goşandy bar. Onuň ýolbaşçylygynda Dawut Nazmyradow öz ussatlygyny yzygiderli kämilleşdirýär.

«Moskwa – Karate älemi 2026» halkara ýaryşy şu ýyl bäşinji gezek geçirildi. Guramaçylaryň bellemegine görä, şeýle derejeli ýaryşlar halkara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam bermek bilen bir hatarda, tejribeli we ýaş türgenlere bäsdeşlik şertlerinde gymmatly tejribe toplamak üçin giň mümkinçilikleri döredýär.