Saýlawlara degişli meseleler boýunça bölümiň ýolbaşçysy Beata Martin-Rozumilowiçiň baştutanlygynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) demokratiki institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň (DIAHB) Aşgabatda sapar bilen bolýan wekilçilikli delegasiýasy bilen şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde bolan duşuşygyň gün tertibine Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda boljak saýlawlaryna taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler girdi.
Ýurdumyzda ýaýbaňlanan, ilkinji nobatda döwletiň we jemgyýetiň demokratiki esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen uly möçberli özgertmeler babatda hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň meselesi boldy. Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda jemgyýetçilik gatnaşyklaryň ähli ugurlaryny düzgünleşdirýän uly möçberli kadalaşdyryjy-hukuk binýady döredildi. Mysal üçin, döwlet hukugynyň ähli pudaklaryny – konstitusion, diplomatiki, raýat, jenaýat, ykdysady we beýleki hukuklary ösdürmegiň esasyny düzýän kanunlar işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi.
Şunuň bilen baglylykda myhmanlar milli saýlaw kanunçylygy we saýlaw çäresiniň şu tapgyrynda Mejlisiň geçirýän işi bilen tanyşdyryldy, şol kanunçylykda bu ugurda ulanylýan halkara kadalarynyň esasy ýörelgeleri öz beýanyny tapdy.
Türkmenistanyň we ÝHHG-niň oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigi nygtaldy. Taraplaryň pikiriçe, hyzmatdaşlygyň işlenip taýýarlanylan görnüşi ikitaraplaýyn hormat goýmak we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanyp, möhüm meseleler boýunça giňden gyzyklanyp pikir alyşmagy we açyk ara alyp maslahatlaşmany geçirmäge mümkinçilik berýär. Adam hukuklary we azatlyklary, demokratiki institutlary ösdürmek, raýat jemgyýetini kemala getirmek babatda özara gatnaşyklar hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň we ÝHHG-niň ýola goýlan oňyn gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny tassyklap, ulanylýan we täze bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary nazara almak bilen, mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerine garadylar.
Günüň ikinji ýarymynda demokratiki institutlar we adam hukuklary baradaky býuronyň wekilleri Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi toparda kabul edildi.
Merkezi saýlaw toparynyň wekilleri häzirki wagtda geçirilýän saýlaw çäreleri, şeýle hem häzirki saýlaw çärelerine mahsus täzelikler hakynda söz açyp, Türkmenistanyň çäklerindäki saýlaw uçastoklarynyň 2278-si bilen bir hatarda daşary ýurtlarda saýlaw uçastoklarynyň 29-synyň açylandygyny myhmanlara habar berdiler. Öňde boljak saýlawlara gözegçiligi milli synçylar bilen bir hatarda Ýewropa döwletlerinden hem-de abraýly halkara guramalaryndan bolan synçylar we bilermenler hem amala aşyrar, munuň özi Türkmenistanyň açyklygynyň, onuň deňhukukly oňyn hyzmatdaşlyga gyzyklanýandygynyň tassyklanmasy bolup durýar. Saýlawlaryň öňýanyndaky wagyz ediş işleriniň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlere saýlawlaryň öňýanyndaky maksatnamalarynyň düzgünlerini açyk beýan etmäge, saýlawçylara bolsa şolar bilen tanyşmaga, olary ara alyp maslahatlaşmaga we bir netijä gelmäge mümkinçilik berýän erkin ýagdaýda geçirilmegi üçin ähli zerur çäreler görülýär.
Şol gün abraýly halkara guramasynyň wekilleri degişli ministrlikleriň we edaralaryň, habar beriş serişdeleriniň birnäçesinde duşuşyklary geçirdiler, şolarda döwlet Baştutanynyň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk boýunça alnyp barylýan işler we bu möhüm jemgyýetçilik syýasy wakany giňden beýan etmekde habar beriş serişdeleriniň işi bilen hem tanyşdyryldy.
Myhmanlar Türkmenistanda bolmagynyň çäklerinde döwlet edaralarynyň, hususan-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň wekilleri hem-de ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirer.