Ï Türkmenistan-Koreýa: hyzmatdaşlygyň ugry - suw serişdeleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-Koreýa: hyzmatdaşlygyň ugry - suw serişdeleri

view-icon 613
Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Suw hojalygy ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň ilçihanasynyň bilelikde guramagynda “Türkmenistanyň suw serişdelerini dolandyrmagyň ulgamy” diýen at bilen tegelek stoluň başynda duşuşyk geçirildi. Bu halkara duşuşygyna gatnaşmak üçin “Oguzkent” myhmanhanasynyň mejlisler zalyna ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýän ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň-oba hojalyk, suw hojalyk, jemagat hojalyk, tebigaty goramak ministrlikleriniň, Aşgabat şäheriniň hem-de Ahal welaýatynyň häkimlikleriniň wekilleri ýygnandylar.

Koreýanyň wekiliýetiniň düzüminde döwlet edaralarynyň we ekologiýa senagaty we tehnologiýalar boýunça ylmy-barlag merkezleriniň, şol sanda Daşky gurşaw boýunça ministrligiň, KESO korporasiýasynyň, KOLON kompaniýalar toparynyň, Dongho Ko we beýlekileriň ýolbaşçylary hem-de baş hünärmenleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň maksady suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak we dolandyrmak boýunça netijeli ulgamy döretmekde işläp taýýarlamalar boýunça howanyň üýtgemeleri bilen baglanyşykly meselelerde degişli düzümleri ösdürmekde milli tejribeleri alyşmakdan ybaratdyr.

Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap An Meng Su duşuşyga gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, köp ugurlar boýunça örän uly geljegi bolan, hususan-da, wajyp ähmiýetli pudak bolan suw serişdeleri boýunça hyzmatdaşlykda türkmen-koreýa ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň ýokary depginini nygtady. Diplomat Koreýanyň ylmy we işewür toparlarynyň netijeli innowasiýa işläp taýýarlamalary ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtap, Ahal welaýatynyň Sähra obasynda suw arassalaýjy desgany gurmak boýunça bilelikde amala aşyrylan taslamany onuň mysaly hökmünde getirdi. Türkmenistanyň ekologiýa we suw howpsuzlygynda, durmuşyň hilini ýokarlandyrmakda, ilatyň saglygyny berkitmekde ýeten sepgitlerine ýokary baha berip, jenap An Meng Su kärdeşleriň şu duşuşygynyň tejribe alyşmak we tehnologiýalar, täze taslamalary durmuşa geçirmek boýunça iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge uly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Tegelek stoluň başyndaky duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar ýurtlaryň ikisinde suw serişdelerini netijeli dolandyrmak we peýdalanmak boýunça döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilişine syn berdiler. Şunda ýokary hilli agyz suwunyň senagat taýdan arassalaýyş binýadyny giňeltmäge, suw üpjünçiligi we arassalanan suwuň ikinji gezek ulanylyşyna, bu ugurda ekologiýa deňeçerliginiň berjaý edilişine aýratyn üns berildi. Oňa gatnaşyjylar duşuşygyň jemini jemlemek bilen, uzak geljege gönükdirilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.