Türkmenistan-Malaýziýa: hyzmatdaşlygyň täze sepgitlerine tarap
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň dostlukly ýurda ýaňy ýakynda tamamlanan döwlet sapary Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky köpýyllyk oňyn gatnaşyklary ösdürmekde täze tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrdy.
Kuala-Lumpurda ýokary derejede geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikler dünýä metbugatynda ýygy-ýygydan ýatlanylýan täzelikleriň birine öwrüldi. Halkara ähmiýetine eýe bolan bu waka esasy habar beriş gulluklarynyň, metbugat we elektron neşirleriniň bada-bat ünsüni çekdi.
Malaýziýanyň köp sanly gazetlerinde, şol sanda uly tiraž bilen çykýan “New Straits Times”, “Sin Chew Daily”, “Metro Edition”, “Malaýziýa Nanban”, “The Star”, “Harian Metro” gazetlerinde iki günlük saparyň wakalary yzygiderli beýan edildi. Olar öz sahypalarynda Malaýziýanyň paýtagtynda geçirilen resmi we işewür duşuşyklardan alnan suratlar bilen birlikde uly makalalary ýerleşdirdiler.
Russiýanyň meşhur habarlar gulluklary, şol sanda ITAR-TASS, RIA-Nowosti, INTERFAKS türkmen-malaýziýa gepleşiklerine uly gyzyklanma bildirdiler. Köp sanly halkara internet-neşirleri olaryň habarlaryna salgylandylar.
“Türkmenistan we Malaýziýa özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassykladylar”, “Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz hem-de telekommunikasiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada ylalaşdylar”, “Türkmenistan Malaýziýanyň kompaniýalarynyň täze taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagyna gyzyklanma bildirýär”, “Aşgabat we Kuala-Lumpur energetika hyzmatdaşlygyny giňelderler”-ine, şu günlerde peýda bolan makalalaryň bir bölegi şulardyr. Olaryň sözbaşlary hem geçirilen gepleşikleriň üstünlikli bolandygyndan habar berýär.
Daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň köpüsi ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk etmek türkmen-malaýziýa duşuşyklarynyň esasy meseleleriniň biri bolandygyna ünsi çekdiler. Bu ulgam döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde ykrar edildi. Ýeri gelende aýtsak, çarşenbe güni gepleşikleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň gol çeken Bilelikdäki türkmen-malaýziýa maglumaty hem energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge iki ýurduň uly ähmiýet berýändigine şaýatlyk edýär.
Ýerli we daşary ýurt metbugatynyň habar berişi ýaly, taraplar deňlik we özara bähbitlilik esasynda nebitgaz senagatynda giň möçberli hyzmatdaşlygy berkitmek, ilerletmek we ösdürmek barada ylalaşdylar. Ýangyç çig malyny çykarmak we gaýtadan işlemek nebit we gaz himiýa senagatynda, ýokary tehnologiýalar ulgamynda bilelikde işlemek özara gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bu babatda Malaýziýa baý tejribe toplady, munuň özi okgunly ösýän Türkmenistan üçin örän peýdaly bolup biler.
“Russiýanyň nebiti” internet-neşiri söwda-ykdysady we bilim ulgamlar bilen birlikde ýangyç-energetika toplumy döwletara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde ykrar edildi diýip belledi.
“Biz Malaýziýa bilen hyzmatdaşlygyň köpýyllyk oňyn tejribesine eýediris. Häzir açylýan giň mümkinçilikleri nazara almak bilen, bu hyzmatdaşlygyň giň möçberli döwletara gatnaşyklaryna öwrülmegi üçin ähli şertler bar” diýip, elektron gazeti şu ýylyň tomusynda Balkan welaýatynda täze gaz arassalaýjy toplumyň açylyş dabarasynda türkmen Lideriniň eden çykyşyndan jümleleri mysal getirýär. Şunda bu iri senagat desgasynyň Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy-Malaýziýanyň “Petronas” kompaniýasy tarapyndan gurlandygy bellenilýär. Bu kompaniýa önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşyga laýyklykda Hazaryň türkmen böleginde “Blok-1” deňiz ýatagyny özleşdirýär.
Şunuň bilen baglylykda REGNUM habarlar gullugy öz nobatynda 2011-nji ýylyň iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Malaýziýanyň Premýer-ministri Mohd Najib Tun Abdul Razakyň arasynda Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça bäş sany ikitaraplaýyn resminama, şol sanda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky agentliginiň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň we “Petronas” kompaniýasynyň arasynda tebigy gazy satyn almak-satmak hakyndaky ylalaşyga gol çekilendigini ýatlatdy.
Mälim bolşy ýaly, öz döwründe Malaýziýanyň “Petronas” kompaniýasy 1996-njy ýylda “Blok-1” çäginde önümi paýlaşmak hakynda baglaşylan şertnamanyň esasynda Hazaryň türkmen ýalpaklygyndaky ýangyç ýataklaryny özleşdirmäge girişen ilkinji daşary ýurt kompaniýasy boldy. Geçen ýyllaryň dowamynda kompaniýanyň 5,6 millard dollardan gowrak maýa serişdelerini goýan taslamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde gözleg, baha beriş we ulanyş guýularynyň 20-den gowragy burawlanyldy, Magtymguly, Diýýarbekir we Garagol Deňiz ýataklary özleşdirmek üçin taýýarlanyldy, olarda ýangyç çig malynyň uly gorlary açyldy, Hazaryň kenarynda zerur bolan häzirki zaman düzümi guruldy.
Malaýziýada bolmagynyň jemleýji gününde Türkmenistanyň Baştutanynyň hut şu iri döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşmagy tötänden däldir. Bu kompaniýanyň ştab-kwartirasy Malaýziýanyň paýtagtynyň işewür merkezinde ýerleşýär. “Petronasyň” ýolbaşçysy Dato Şamsul Azhar Abbas nebitgaz pudagynda Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy gyşarnyksyz giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, Malaýziýanyň işewürleriniň halkara ykdysady gatnagşyklar ulgamyna işjeň goşulyşýan Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň mümkinçiliklerine we artýan kuwwatyna ýokary baha berýändigini nygtady.
“Kuwwatly energetika döwletleriniň hataryna goşulýan Türkmenistan milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak we öz energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna ýetirilýän ugurlaryny diwersifikasiýlaşdyrmak boýunça toplumlaýyn strategiýany amala aşyryp, şol sanda öňden bäri gatnaşyk edýän hyzmatdaşlary bilen özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegini ugur edinýär, “Petronas” kompaniýasy şol hyzmatdaşlaryň hataryna girýär” diýip, daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň wekilleri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerini getirýärler.
Habarlaryň birnäçesinde Türkmenistanyň meşhur malaýziýa kompaniýasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygynyň uzakmöhletleýin häsiýeti bellenildi. Şol hyzmatdaşlyk bolsa özüne Türkmenistanyň nebitgaz pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak ýaly möhüm ugry hem birleşdirýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Malaýziýanyň iň abraýly ylym-bilim merkezleriniň biri bolan “Petronas” tehnologik uniwersitetiniň ylymlaryň Hormatly doktory diýen alymlyk derejesiniň berilmeginiň çuňňur simwoliki waka diýlip ykrar edilmegi tötänden däldir. Dünýäniň habar beriş serişdeleri uniwersitetiniň rektory, doktor Mahadhir bin Mohammediň dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidentine degişli diplomyň gowşurandygyny habar berdiler we türkmen Liderine bu ýokary sylagyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürendigi, onuň Merkezi Aziýa döwletleriniň durnukly ösüşine ajaýyp goşant goşandygy we umumadamzat gymmatlyklarynyň gülläp ösmeginiň bähbidine öňe süren başlangyçlary üçin gowşurylandygyny bellediler.
“Bilim ulgamyny ösdürmek, adamlary, aýratyn hem ýaşlary häzirki döwürde ylmyň täze gazananlaryny ösdürmäge çekmek biziň döwlet syýasatymyzda ileri tutulýar hem-de daşary ýurtlaryň okuw mekdepleri we bilim merkezleri bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak şol syýasatyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we Türkmenistan üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak işine goşan goşandy üçin bu ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylaryna, professor-mugallymlar düzümine minnetarlyk bildirdi.
Soňky günlerde iri internet-neşirleriniň täzelikler sahypalarynda peýda bolan habarlarda ýangyç-energetika toplumy we bilim ulgamy bilen birlikde söwda, maýa goýum, ulag we aragatnaşyk, himiýa senagaty, dokma we oba hojalyk pudaklary, saglygy goraýyş we ýokary tehnologiýalar ulgamy Türkmenistan bilen Malaýziýanyň hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary bolup durýandygy bellenilýär. Ýurtlaryň ikisi hem bu ulgamlary ösdürmäge uly üns berýärler.
Daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleri resmi habarlara we makalalara salgylanyp, 2011-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli Türkmenistanyň çäginde Malaýziýanyň maýasynyň gatnaşmagynda 13 sany kärhananyň hasaba alnandygyny, olaryň biziň ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ösmegine saldamly goşant goşýandygyny belleýärler.
Türkmenistan we Malaýziýa ykdysady hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklere eýedigini belläp, ony deňlik we özara bähbitlilik esasynda ösdürmäge taýýardygyny mälim etdiler diýip, iri internet-neşirler Kuala Lumpurda bolan duşuşyklaryň netijelerini teswirlediler. Geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagy teklip edendigi we hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmek hem-de baha bermek maksadynda Türkmenistanda ikitaraplaýyn işewürlik forumyny geçirmek başlangyjy bilen çykyş edendigi ýatlanylýar.
Käbir makalalarda bellenilişi ýaly, syýahatçylyk hem iki ýurduň hyzmatdaşlygy üçin geljegi uly ulgamlaryň biri bolup biler. “Türkmenistan syýahatçylyk işewürligi ulgamynda, aýratyn hem Hazaryň deňziniň kenarynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň özleşdirilmegi bilen baglylykda Malaýziýanyň tejribesine uly gyzaklanma bildirýär” diýip, Türkmenistanyň Baştutany aýtdy we Malaýziýanyň iri kompaniýalaryny täze maýa goýum taslamalaryna gatnaşmaga çagyrdy.
Dünýäniň habar beriş serişdeleri şeýle hem döwletara gatnaşyklarynyň möhüm we aýrylmaz ugry bolan medeni-gumanitar ulgamda hyzmatdaşlyk türkmen-malaýziýa gepleşikleriniň aýratyn meselesi bolandygyny bellediler.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň baý medeni mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, türkmen halky üçin hem, malaýziýa halky üçin birek-biregiň medeni-taryhy mirasy, bu ulgamda häzirki zaman gazanylanlar bilen ýakyndan tanyşmak gyzykly bolar diýen pikiri beýan etdi. Bu ugurda ilkinji ädim hökmünde 2012-2013-nji ýyllarda Malaýziýada Türkmenistanyň Medeniýet günlerini we Türkmenistanda Malaýziýanyň Medeniýet günlerini geçirmek teklip edildi.
“Trend-News” internet-saýtynyň habar berşi ýaly, gepleşikleriň çäklerinde Malaýziýanyň Premýer-ministri Dato Sri Mohd Najib bin Tun Abdul Razak şu aýda Aşgabatda Malaýziýanyň ilçihanasyynň açylýandygyny aýtdy we Türkmenistanyň hem bu ýurduň paýtagty Kuala- Lumpurda öz ilçihanasyny açjakdygyna ynam bildirdi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýanyň meýlini mübärekledi we Türkmenistanyň Aşgabatda dostlukly ýurduň ilçihanasynyň açylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigini nygtady. Şeýle hem türkmen tarapynyň Türkmenistanyň edarasy Malaýziýada ýerleşýän ilçihanasyny açmak baraday meseläni oňyn çözmäge taýýardygy mälim edildi.
Bu meýilleriň ählisi bilelikdäki türkmen-malaýziýa maglumatynda öz beýanyny tapdy. Iki ýurduň habar beriş serişdeleri bu maglumatyň tekstini giňden ýaýratdylar. Resminamada taraplaryň gatnaşyklary hemmetaraplaýyn we doly ösdürmegi dowam etmegi ylalaşyp, syýasy hem-de ykdysady aragatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn üns berendigi bellenilýär. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2012-nji ýylda hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasy munuň aýdyň subutnamasy boldy. Türkmenistan. RU Internet-gazetiniň beren habary boýunça munuň özi gol çekilen resminamalaryň ýene-de biri boldy.
Dünýäniň habar beriş gulluklarynyň habar berşi ýaly, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin taraplar yzygiderli gatnaşyklary saklamagyň, geňeşmeleri geçirmegiň we dürli derejelerde ysnyşykly utgaşdyrmalary ýola goýmagyň hem-de pikir alyşmagyň, şol sanda halkara duşuşyklarynyň we maslahatlaryň çäklerinde pikir alyşmagyň möhümdigini tassykladylar. Türkmenistan we Malaýziýa halkara howpsuzlygynyň we durnukly ösüşiň düýpli meseleleriniň çözmekde Birleşen Milletler Guramasynyň aýgytlaýjy ornuny nygtadylar hem-de häzirki zamanyň wehimlerine garşy göreşmekde hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny beýan etdiler.
Şeýlelikde, Kuala-Lumpurda geçirilen türkmen-malaýziýa gepleşikleriniň üstünligi soňky ýyllarda iki dostlukly ýurduň arasyndaky özara düşünişmek derejesiniň ýokarydygyny tassyklady. Munuň özi duşuşyklaryň netijeleri boýunça gol çekilen möhüm ikitaraplaýyn resminamalarda öz beýanyny tapdy. Şol resminamalar bolsa däp bolan oňyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge we pugtalandyrmaga ýardam eder.