Ï Türkmen-özbek hyzmatdaşlygy berkidilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen-özbek hyzmatdaşlygy berkidilýär

view-icon 586
Şu gün Özbegistan Respublikasynyň Ilçihanasynda Özbegistanyň Konstitusiýasynyň 19 ýyllygyna bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Oňa Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, biziň ýurdumyzda işleýän daşary ýurt ilçihanalaryň we wekilhanalaryň, Umumymilli "Galkynyş" hereketiniň düzümine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar garaşsyzlyk ýyllarynda dostlukly Özbegistanyň gazanan durmuş-ykdysady üstünlikleri, goňşy ýurdy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi bilen tanyşdyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistanyň Prezidenti Islam Karimowyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Olaryň yzygiderli duşuşyklary iki ýurduň dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk, döwrüň synagyndan geçen özara bähbitli gatnaşyklaryň depginini artdyrýar. Söwda-ykdysady, energetika, ulag we beýleki ulgamlarda möhüm hyzmatdaşlar bolmak bilen, biziň dostlukly döwletlerimiz örän ysnyşykly medeni-gumanitar gatnaşyklaryny hem saklaýarlar. Türkmen we özbek halklarynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan taryhy we ruhy umumylygy şol gatnaşyklaryň esasyny düzýär.

Türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin syýahatçylyk ulgamynda hem uly mümkinçilikler açylýar. Ilçihananyň foýesinde ýaýbaňlandyrylan düşürilen we çekilen suratlaryň, milli amaly-haşam sungatyna degişli eserleriň sergisi ýurtda syýahatçylyk ulgamynyň ösüşine bagyşlandy. Şol eserler özbek halkynyň taryhy we ruhy medeni mirasynyň baýlygyny açyp görkezýär.