Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 16 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: parahatçylyk, howpsuzlyk we ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk” atly Halkara maslahat geçirildi. Bu wekilçilikli çäräni ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Mejlisi we Umumymilli “Galkynyş hereketine girýän jemgyýetçilik guramalary guradylar.
Maslahata biziň ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurtda işleýän ilçihanalarynyň ýolbaşçylary, Umumymilli “Galkynyş” hereketine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, daşary syýasat edarasynyň işgärleri we milli parlamentimiziň deputatlary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary we talyplary, ýerli hem-de daşary ýurtlaryň žurnalistleri gatnaşdylar.
Biziň ýurdumyzyň taryhynda şanly waka bolan Bitaraplyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilýän çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. “Mähriban Watanymyzyň baky Bitaraplyk derejesine sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary durmuşa geçirmegiň, halkara derejesinde wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň we olary çözmegiň möhüm serişdesi hökmünde garalýar. Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary diňe bir ýakyn goňşy döwletlerimiziň çäklerinde däl, eýsem, umumy adamzat gatnaşyklaryny ýaýbaňlandyrmakda, dost-doganlygy we hyzmatdaşlygy berkitmekde, sebitara hem-de ählumumy geosyýasy meseleleri çözmekde möhüm şertleri döredýär.
Maslahatda edilen çykyşlarda Türkmenistanyň 16 ýylyň dowamynda durmuşa geçrien daşary syýasat ugrunyň esasy tapgyrlaryna we jemlerine seredildi. Mälim bolşy ýaly, şu döwürde milli garaşsyzlygymyzyň ösüşiniň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeler,
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet we jemgyýetçilik gurluşyny döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçiren ägirt uly işleri ýerine ýetirildi. Türkmen döwletiniň täze pelsepesi hut şunuň ýaly Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, medeni-ruhy we ylmy-tehniki ösüşiniň ugurlarynyň halkara gatnaşykary ulgamyndaky köp maksatly syýasaty bilen berk baglanyşyklydyr. Geçen 16 ýyl ähli sebitde we onuň çäklerinden daşynda parahatçylykly ösüşiň sütünine öwrülmäge çalyşýan Türkmenistanyň Bitaraplyk, parahatçylyk döredijilik syýasatyny durmuşa geçirmekde ägirt uly üstünliklere beslendi.
Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyzyň dünýä ulgamyna deňhukukly agza hökmünde ynamly goşulmagyna mümkinçilik beren esasy aýratynlyklary ýurduň açyklyk, hyzmatdaşlygyň giň ugurlary boýunça gatnaşyk etmäge bolan gyzyklanma, dünýäniň oňyn tejribeleriniň kabul edilmegi we sebitleýin hem-de ählumumy meseleleri çözmekde işjeň parahatçylyk söýüjilik orny ýaly ýörelgelerden ybaratdyr. Bu zatlaryň hemmesi milli gyzyklanmalary gorap saklamagyň, Türkmenistanyň umumy adamzat ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça halkara hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýa etmegiň netijeli guralyna öwrüldi.
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy jenap Miroslaw Ýença öz çykyşynda 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň diňe bir biziň ýurdumyz üçin däl, eýsem dünýä ýurtlary üçin ähmiýetli bolan aýratyn ornuny we derejesini kesgitlän “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” hakyndaky Rezolýusiýasy biragyzdan kabul edildi diýip belledi. Bu sene Milletler Bileleşiginiň taryhynda möhüm tapgyra öwrüldi. Ol öz tejribesinde ilkinji gezek şunuň ýaly resminamany kabul etdi we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesi sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň pugtalanmagyny şertlendirer hem-de ähli döwletleri bu ýörelgä hormat goýmaga we ony goldamaga çagyrar diýip belledi.
Soňky wakalar bu çözgüdiň dogrudygyny subut etdi. Türkmenistanyň bitaraplygy sebitde halkara parahatçylyk döredijilik tagallalarynyň möhüm ýagdaýy boldy we ýurtlaryň ýokary durmuş derejeli döwletleriň hataryna goşulmagyny şertlendirdi diýip, M. Ýença aýtdy.
Türkmenistanyň diplomatik işine, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde beýan eden başlangyçlaryna ýokary baha bermek bilen, BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili häzirki döwürde Milletler Bileleşigi öňüni alyş diplomatiýasynyň netijeli gurallarynyň we oňşuksyzlygy ýeňip geçmekde hem-de häzirki zamanyň çylşyrymly meselelerni çözmekde araçyllyk usullarynyň ösdürilmegine üns berýär diýip belledi.
Şunuň bilen baglylykda, 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebit merkeziniň açylmagy Türkmenistan bilen BMG-niň hyzmatdaşlygynyň ösüşinde täze möhüm tapgyra öwrüldi. Şeýlelikde, Merkeziň häzirki döwürde Merkezi Aziýa giňişliginde durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna we netijeli gatnaşyklaryň berkidilmegine gönükdirilen esasy işleriniň hatarynda sebitde wagty ýeten meseleleri ýüze çykarmagyň ulgamyny döretmek babatda alyp barýan işini aýratyn bellemeli.
Şeýle hem bellenilişi ýaly, türkmen paýtagtynda ýakynda BMG-niň Merkezi Aziýada ählumumy terrorçylyga garşy strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça Merkezi Aziýa we beýleki döwletleriň derejesinde geçirilen halkara duşuşygynyň möhümdigi bellenildi, sebitleýin möçberde bir bitewi çemeleşmegiň esasynda ilkinji anyk ädimleri alamatlandyrýan Halkara duşuşygynda jemleýji Aşgabat Jarnamasy we hereket etmegiň Bilelikdäki meýilnamasy onuň esasy netijeleri boldy.
BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili jenap Sampe Lalungpanyň çykyşy türkmen bitaraplygyna çagalarda we ýaşlarda, türkmen halkynyň parahatçylyk döredijilik däplerini dowam etdirijilerde görýän geljegiň nukdaý nazaryndan seretmäge mümkinçilik berdi. Şunuň bilen baglylykda, jenap Lalungpa biziň geçiren şu günki maslahatymyz UNISEF-iň parahatçylyk, howpsuzlyk we ösüş diýen ýörelgeleri bilen örän ýakyndyr we sazlaşyklydyr diýip belledi. Munuň özi bütin dünýäniň ösüp barýan ýaş nesli üçin zerurdyr, iň esasy bolsa adamzat ösüşi üçin zerurdyr, bu babatda Türkmenistan öz meýillerini öňe sürmek bilen çäklenmän, eýsem, bagtyýar çagalyk, ýaşlaryň mümkinçililklerini durmuşa geçirmek üçin ähli şertleri döredýär, olaryň hukuklaryny goraýar we BMG-niň Çagalar Gaznasynyň taslamalary bilen bilelikde ýurduň geljegi üçin ygtybarly binýat gurýar diýip, ol öz çykyşynda nygtady.
Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky hyzmatdaşlyk Býurosynyň ýolbaşçysy Anne Suoltula we ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Sergeý Belýaýew dagy öz çykyşlaryny Türkmenistanyň bitaraplyk derejesiniň aýdyň ýüze çykmasy bolan işjeň halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryna bagyşladylar. Hususan-da, maslahatda parahatçylyk, howpsuzlyk we ösüş diňe bir syýasy hyzmatdaşlykda däl, eýsem ykdysady ösüş, daşky gurşawy goramak, adam hukuklaryny goramak, demokratik dolandyryş we kanunlaryň ileri tutulmagy ýaly ugurlarda hyzmatdaş ýurtlaryň jogapkärçiligi barada hem aýdyldy. Türkmenistan bu ýörelgelere ygrarly bolmak bilen Ýewropa ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýär we durnukly ösüşiň sebitleýin gurallaryny döretmäge degişli we döwrüň wehimlerini hem-de gumanitar meseleleri sazlamak boýunça ylalaşykly teklipleri öňe sürýär. Energetika howpsuzlygy barada aýdylanda bolsa, Türkmenistan energiýa göterijileri anyk kesgitlenen hukuk kadalar esasynda ulanmak, üstaşyr geçirmek we ugratmak boýunça halkara dolandyryş ulgamynda netijeli gurallary we anyk çäreleri işläp taýýarlamak boýunça möhüm işleri durmuşa geçirýär.
ÝB-nyň we onuň biziň ýurdumyzdaky düzümleriniň işjeň hereket etmegi we ýakyn geljekde Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň doly möçberli wekilhanasynyň açylmagynyň meýilleşdirilmegi Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň açyklyk we uzakmöhletleýin we yzygiderli häsiýetdäki ösüşiniň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistan geografiýa we geosyýasy taýdan amatly ýerleşiş ýagdaýy we ýurduň bitarap parahatçylyk söýüjilik syýasaty biziň döwletimizi Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky ylalaşdyryjy merkeze we Merkezi Aziýa sebitinde özüniň durnuklaşdyryjy, utgaşdyryjy hereketleri bilen öňbaşçy ýurda öwrülmegini şertlendirýär. Pikir alyşmalaryň barşynda Türkmenistanyň Owganystany durmuş-ykdysady taýdan dikeltmek baradaky ýörelgeleri giňden goldanylýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürülýän daşary syýasat ýörelgesi Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji döwlet hökmünde ykrar edilmegini we ýurduň ýokary halkara abrayny şertlendirdi. Häzirki döwürde Türkmenistan sebitleýin bolşy ýaly ählumumy derejede häzirik zamanyň möhüm meseleleriniň çözülmegine hil taýdan täze çemeleşmeleri öňe sürýär.
Bitaraplyk, munuň özi özünde syýasy, ykdysady, taryhy we medeni ugurlary jemleýän janly döredijilik ulgamyndyr. Çykyşlaryň birinde bellenilişi ýaly, halkyň özünde gadymdan gelýän milli gymmatlyklar, paýhasly ruhy dessurlar bolup, olaryň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen döwlet derejesiniň belentlige göterilmegidir. Häzirki döwürde ak mermere beslenen türkmen paýtagtyny synlanyňda ýurtda ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleriň sazlaşykly ösüşine her gün, her sagat özüniň yhlasly zähmeti bilen bagtyýar geljegine barýan halkyň ruhuny görmek bolýar.
Bu ýere ýygnananlaryň pikirine görä, garaşsyz, bitarap Türkmenistan sözüň doly mansynda ählumumy parahatçylygyň we özara peýdaly hyzmatdaşlygyň esasynda gazanylýan ylalaşygyň üpjün edilmengine gönükdirilen adamzadyň ösüşine mynasyp goşant goşýandygyna buýsanmaga haklydyr. Şunuň bilen baglylykda, türkmen bitapalygynyň durmuşa geçmeginde uly işleri alyp barýan we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasat strategiýasynyň durmuşa geçmegine işjeň tagalla edýän türkmen diplomatlarynyň edýän işleriniň uly ähmiýete eýedigi bellenildi.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Olar Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň maksatlaryny durmuşa geçirmekde, bitaraplyk ýörelgeleriniň yzygiderli alnyp barylmagynda we hoşniýetli goňşuçylyk hem-de dostluk däpleriniň ösdürilmeginede möhüm ädime öwrülen duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.