Ï Watanymyzyň gazanan üstünlikleri daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Watanymyzyň gazanan üstünlikleri daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde

view-icon 555
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadam urýan Watanymyzyň täze taryhy eýýamda gazanýan uly üstünlikleri halkara habar beriş serişdelerinde giň seslenme döretdi. Çap edilen ençeme makalalar, şol sanda Türkiýäniň “Turcomoney” maliýe - ykdysady žurnalynyň soňky sanlarynyň birinde ýerleşdirilen makalalar muňa aýdyň mysal bolup biler.

“Ata Watanymyz Türkmenistanda goşa baýram” atly umumy sözbaşy bilen çap edilen makalalaryň toplumy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlandy. Hususan-da, makalalarda ýurdumyzyň şanly ýubileý baýramçylygy mynasybetli ählihalk dabarasynyň ýatdan çykmajak taryhy seneleriň birine öwrülendigi aýdylýar. Şol günlerde diňe bir ak mermerli paýtagtymyz däl-de, eýsem, ýurdumyzyň ähli künjekleri uly toý – baýrama beslendi. Bu senä bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin Türkmenistana dünýäniň dürli döwletleriniň, şol sanda Türkiýeň Respublikasynyň wekiliýeti geldi, munuň özi Türkmen döwletiniň halkara derejesinde uly at-abraýa eýe bolandygyny aýdyň görkezýän subutnama öwrüldi.


Şol makalada baýramçylyk günlerinde türkmenistanlylaryň we daşary ýurtly myhmanlaryň täze ajaýyp binalaryň ulanmaga berilmeginiň hem-de milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda abadançylygyň, döredijiligiň we ösüşiň has belent sepgitlerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň taryhyna täze sahypalar bolup ýazylan ýatdan çykmajak beýleki wakalaryň şaýatlary boldular diýip bellenilýär. Muňa täze “Aşgabat” stadionynda we ýurdumyzyň baş meýdançasynda geçirilen dabaralar we beýleki çäreler mysal bolup biler.

Makalada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň hoşniýetli goňşuçylygyň ýörelgelerine, deňhukuklylyga we dünýäniň ähli döwletleri bilen özara hyzmatdaşlyk edilmegine esaslanýan bitaraplyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek arkaly döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda ozal görlüp-eşidilmedik derejede ösüşe eýe bolmagynda we uly üstünlikler gazanmagynda milli Liderimiziň görnükli orny barada aýratyn nygtaýarlar. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň başlangyjy boýunça özgertmelere esaslanýan maksatnamalaryň amala aşyrylmagy netijesinde ata Watanymyzyň ykdysady kuwwaty artýar. Gurluşyk, senagat, oba hojalygy, ylym, bilim, saglygy goraýyş, döwrebap ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly ugurlarda ep-esli öňegidişlik gazanyldy.

Şol makalada ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna Gutlagynda “Biz beýik geljegimize, täze sepgitlere – alyslardaky has uly üstünliklerimize tarap ynamly barýarys! Aýdyň maksatlar we nurana geljek biziň kalbymyzda ägirt uly ynam duýgularyny döredýär, durmuşymyzyň has-da gözelleşmegine ýardam berýär. Hut şonuň üçin hem, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň abraý-mertebesiniň mundan beýläk-de beýgelmeginiň, bar bolan mümkinçiliklerimizi öz halkymyzyň we bütin adamzadyň bähbidine gönükdirmegiň hatyrasyna yhlasly, tutanýerli hem joşgun bilen zähmet çekmelidiris! Garaşsyzlyk – bagtymyzyň, zähmet bolsa beýik geljegimiziň kepilidir!” diýen sözlerini getirýär.

Makalalaryň biri uglewodorod serişdeleri babatda örän uly gorlara eýe bolan Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek bilen bagly meselä bagyşlanýar. Şonda ýurdumyzyň gündogarsynda ýerleşýän “Galkynyş” gaz känindäki serişdeleriň gorlaryna Beýik Britaniýanyň “Gaffney Cline & Assjciates” halkara kompaniýasynyň bilermenleri tarapyndan baha berlip, onuň möçberleriniň 26,2 trillion kub metre barabardygy hem-de munuň Türkmenistany “mawy ýangyjyň” gorlary boýunça dünýäde ikinji orna çykarýandygy bellenildi. Bu, hakykatdan-da, wajyp ähmiýetli habar Türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygynyň öňüsyrasynda mälim edildi. Türkiýäniň energetika boýunça bilermenleriniň baha bermegine görä, bu ýagdaý geljekde Türkmenistana ýangyç-energetika toplumy boýunça uly möçberli strategiki maksatnamalary amala aşyrmaga mümkinçilik berer. Makalada ýurdumyzyň örän uly energetiki kuwwatyndan peýdalanylmagynyň mundan beýläk-de rowaçlyk we ösüş gazanylmagyna ýardam berjekdigi bellenilýär.

Ýene bir makalada Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk blaýramçylygy mynasybetli Ankarada we Stambulda geçirilen dabaralar barada gürrüň berilýär. Medeni çärelere diplomatlar, Türkiýäniň syýasatçylary we işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar we şonda türkmen sungat ussatlary çykyş etdiler.

Şeýle hem neşiriň sahypalarynda Türkmen döwletiniň 20 ýylyň dowamynda garaşsyz ösüş ýoluna gysgaça syn ýerleşdirildi. Şol makalada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köp ugurly döwlet işine ýokary baha berilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň döwletara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna hem-de daşary ýurtly, şol sanda Türkiýeli telekeçileriň işlemegi üçin amatly şertleriň döredilmegine uly üns berýändigi aýratyn bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmen döwletiniň Baştutanynyň köp ýyllaryň dowamynda uly möçberli milli maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýan türk kompaniýalarynyň wekillerine Türkmenistanyň ýokary sylaglaryny gowşurmagy muňa aýdyň mysal hökmünde görkezilýär.

Şol makalada Türkiýe Respublikasynyň döredilmeginiň 88 ýyllygy we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy ýaly şanly seneleriň bir wagtyrakda bellenilmeginiň özboluşly many-mazmuna eýe bolup, däbe öwrülen we ýylsaýyn berkeýän dostlukly gatnaşyklar arkaly baglanyşýan doganlyk iki halky has-da ysnyşdyrýandygy nygtalýar.

Žurnaldaky makalalaryň biri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 25-nji oktýabrynda Ýaşulularyň maslahatynda Türkmenistanyň Garaşzyzlygynyň 20 ýyllygy mynasybetli gol çeken “Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakyndaky” Permanyna bagyşlanypdyr. Şol resminama laýyklykda, ykbalyň emri bilen dürli sebäplere görä raýatlygyny ýitiren we raýatlygy bolmadyk adamlaryň 1700-den gowragy ýurdumyzyň raýatlygyna eýe boldy. Şol makalada şu ýylyň iýulynda türkmen Lideri tarapyndan gol çekilen şonuň ýaly Permana laýyklykda 1600-e golaý adamyň Türkmenistanyň raýatlygyny alandygy aýdylýar. Hut şu ýagdaýlar ýurdumyzyň goşulan halkara resminamalaryndan gelip çykan borçlarynyň Türkmen döwleti tarapyndan gyşarnyksyz ýerine ýetirilýändigini aýdyň tassyklaýar.

Makalalar täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynyň taryhyna altyn sahypalar bilen ýazylan ata Watanymyzyň şanly senesi mynasbyetli geçirilen hem-de dostlukly Türkiýede ruhubelentlik bilen kabul edilen baýramçylyk dabaralarynda düşürilen täsirli fotosuratlar bilen bezelipdir.