Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň belarusly hyzmatdaşlar bilen birlikde ýardam bermegi arkaly döredilen Belarus-Türkmen Söwda öýüniň açylyş dabarasy boldy.
Bu waka iki ýurduň halklarynyň arasynda öňden bäri ýola goýlan dostlukly ýörelgelere, özara hormat goýulmagyna we özara bähbitlilige esaslanýan türkmen-belarus döwletara hyzmatdaşlygynyň üstünlikli ösdürilýändigini görkezýän nobatdaky subutnama öwrüldi. Bu dabara Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň we Belarus Respublikasynyň Söwda ministrliginiň, Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň we beýlekileriň wekilleri gatnaşdylar.
Mälim bolşly ýaly, iki ýurtda Söwda öýlerini açmak baradaky karar geçen ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Belarus Respubliakasyna resmi saparynyň çäklerinde ýokary derejede geçirilen türkmen-belarus gepleşikleriniň barşynda kabul edildi. Gepleşikleriň netijeleri boýunça möhüm ähmiýetli ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine, şol sanda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň we Belarus Respublikasynyň Söwda ministrliginiň arasyndaky degili Ylalaşyga gol çekildi.
Şunuň bilen baglylykda, Belarus Respublikasynyň paýtagty Minsk şäherinde Türkmen-Belarus Söwda öýüniň hem açylandygyny bellemek gerek, häzirki wagtda bu ýerde ýurdumyzda öndürilen harytlary belarusly sarp edijilere ýerlemek boýunça işler üstünlikli alnyp barylýar.
Dabara gatnaşyjylar soňky ýyllarda söwda-ykdysady ulgamdaky türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň has-da işjeňleşdirilip, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylandygyny bellediler. Taraplaryň däbe öwrülen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly maksady bu hyzmatdaşlygyň köp ugurly mümkinçilikleri bilen şertlendirilýär hem-de iki döwletiň we halklaryň bähbitlerine laýyk gelýär.
Aşgabatda Belarus-Türkmen Söwda öýüniň açylmagy mynasybetli, paýtagtamyzdaky “Çandybil” Söwda merkezinde Belarus Respublikasynda öndürilen azyk we senagat harytlary bilen tanyşdyrylyş dabarasy bolup geçdi. Bu waka dostlukly ýurtlaryň dürli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine özara gyzyklanma bildirýändigini aýdyň tassyklaýan subutnama öwrüldi.