Şu gün “Prezident” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda DIM-iň goldaw bermeginde BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMG ÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda howa goýberilýän gazlaryň goýberilişini kemeltmek boýunça ileri tutulýan milli meselä bagyşlanan “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyk boldy.
Duşuşyga Türkmenistanyň Mejlisiniň, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Strategik meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş institutynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Halkara maslahatçysy hökmünde Bolgariýadan bilermen Hristo Hristow çykyş etdi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan howanyň maýlamagy bilen baglylykda onuň üýtgemeginiň öňüni almak boýunça öz üstüne alan halkara borçnamalaryna berk eýerýär. Biziň ýurdumyz geçen hepdede Durbanda (Günorta Afrika Respublikasy) howanyň üýtgemegine bagyşlanan halkara maslahatyna hem işjeň gatnaşdy. Howa goýberilýän gazlary azaltmak boýunça dünýäniň ähli ýurtlary tarapyndan borçnamalaryň kabul edilmegi baradaky täze halkara şertnamasyny işläp taýýarlamak hakyndaky çözgüt bu maslahatyň esasy jemi boldy, şol çözgüt 2020-nji ýyldan gijä galman güýje girmelidir.
Şu günki “tegelek stoluň” başynda bolan duşuşygyň maksady BMG ÖM tarapyndan taýýarlanylan howa goýberilýän gazlaryň pes derejesi mahaly ösüş strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça maslahatlary hem-de howanyň üýtgemeginiň öňüni almakda ýerli şertlere laýyk gelýän hereketleri hödürlemekden we ara alyp maslahatlaşmakdan, bu babatda meýilnamany işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.
Duşuşyga gatnaşyjylaryň çykyşlarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan iri möçberli özgertmeler syýasatyna laýyklykda biziň ýurdumyzda geçirilýän ýangyç-energetika toplumynyň, awtoulag we gurluşyk senagatynyň, himiýa senagatynyň, jemagat hojalygynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak hakynda, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna häzirki zaman, ekologiýa taýdan has kämil tilsimatlary ornaşdyrmak, şeýle hem howanyň arassalygyna netijeli gözegçiligi ýokarlandyrmak, ekologiýa ülňüleriniň ulgamyny hem-de gurulýan senagat desgalaryna bildirilýän talaplary kämilleşdirmek maksady bilen görülýän çäreler hakynda gürrüň gozgaldy. Tämiz ösüşiň guraly taslamasyna, ýagny innowasion tilsimatlary, şol sanda dikeldilýän energiýa çeşmelerini peýdalanmak bilen baglanyşykly tilsimatlary işläp taýýarlamaga aýratyn üns berildi.
“Tegelek stoluň” başyndaky duşuşyga gatnaşanlar pikir alyşmalaryň netijeli bolandygyny belläp, bu möhüm ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler.