Şu gün paýtagtymyzda saparda bolýan Owganystan Yslam Respublikasynyň wekiliýetiniň türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň jähedinde Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň w pudak edaralarynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy.
Nobatdaky duşuşygyň gün tertibine Owganystanyň durnukly ösüşine we sebitleýin hyzmatdaşlygy, şol sanda ýangyç-energtika pudagyndaky, elektroenergetika, ulag we aragatnaşyk, oba hojalyk ulgamlaryndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugatlandyrmaga degişli meseleler girizildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden eden çykyşynda Owganystandaky ýagdaýy syýasy ýol bilen kadalaşdyrmak, bu ýurduň ykdysadyýetini dikeltmek boýunça öňe süren başlangyçlarynyň derwaýysdygy aýratyn bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň, Atamyrat-Ymamnazar-Akina-Andhoý demir ýolunyň, Mary-Atamyrat-Atdhoý ugry boýunça LEP-500 elektrik geçiriji ulgamlarynyň kadalaşdyryjy ugur hökmündäki aýratyn ähmiýeti bellenildi. Mälim bolşy ýaly, bu ugur boýunça türkmen elektro energiýasynyň Owganystana eksport edilýän möçberini 5 esse artydrmaga mümkinçilik berer. Bu bolsa goňşy ýurduň elektro energiýa bolan islegini 70 göterime golaý üpjün eder.
Şu ýylyň dekabr aýynyň başynda Türkmenistanyň wekilçilikli topary Bonn şäherinde (GFR) geçirilen Owganystan meselesine bagyşlanan halkara maslahatyna gatnaşdy. Onda biziň ýurdumyzyň Owganystan meselesi boýunça öňe sürýän teklibi aýan edildi. Ol halkara bileleşiginiň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan goňşy döwletler bilen däp bolan dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine yzygiderli üns berýär we Owganystan boýunça durmuşa geçirilýän halkara tagallalaryna işjeň gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň belent münberinden bu ýurduň durmuş-ykdysady taýdan we döwlet häkimiýet institutlarynyň netijeli ösdürilmegine degişli öňe süren başlangyçlary owgan meselesiniň oňyn çözülmegine, Owganystandaky ýagdaýyň parahatçylykly, diplomatik ýollar, gepleşikleriň üsti bilen kadalaşdyrylmagyna gönükdirilendir.
Türkmenistanyň goňşy Owganystanda parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegine taggala etmekdäki netijeli ähmiýetiniň nobatdaky subutnamasyna öwrülen Aşgabat duşuşygy türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça birnäçe çäreleri durmuşa geçirmek ylalaşyldy.