Ï Türkmenistan-Finlýandiýa: doganlyk halklaryň bähbitlerine degişli gepleşikler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-Finlýandiýa: doganlyk halklaryň bähbitlerine degişli gepleşikler

view-icon 590
Şu gün ýurdumyzyň daşary işler ministrliginde Finlýandiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Tuula Ýurýolýanyň ýolbaşçylygyndaky delegasiýanyň agzalary bilen duşuşyk boldy. Bu duşuşyk däp bolup gelýän döwletara hyzmatdaşlygynda birek-biregi gyzyklandyrýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde geçdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary syýasaty netijesinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň soňky ýyllardaky has-da giňän esasy ugurlary boýunça ara alnyp maslahatlaşmagyň dowamynda taraplar ilkinji nobatda halkara guramalaryň hem-de gurluşlaryň çäklerinde ikitaraplaýyn, şeýle-de hemmetaraplaýyn esaslaryň ösüşini geljekde has-da giňeltmek boýunça gepleşiklere gyzyklanma bildirdiler.

Ilçi Tuula Ýurýola Türkmenistan bilen ykdysady hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, biziň ýurdumyzda amala aşyrylýan täze möhüm taslamalara gatnaşjak iri fin kompaniýalaryň wekilleriniň işine ýokary gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Şeýle-de ol daşary ýurt söwdasyny guramak üçin türkmen bazarynda has oňat şertleriň döredilendiginiň özüne çekýändiginem belläp geçdi.

Tuula Ýurýolýa Türkmenistan bilen Finlýandiýanyň arasyndaky uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň gyşarnyksyz ösjekdigine berk ynam bildirip, bu iki ýurduň arasyndaky arabaglanyşygyň mundan beýläk-de berkemegine özi tarapyndan ähli güýjüň goýuljakdygyna ynandyrdy.

Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň Türkmenistana bolan bu gezekki saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky milli institutynda duşuşyk geçirer, şeýle-de Türkmenistanyň Baş milli muzeýine hem-de türkmen halysynyň Milli muzeýine barmak bilen, myhmansöýer türkmen paýtagty bilen has-da içgin tanşar.