Ï BMG-niň BÝKM-niň Sebitleýin wekiliniň sapary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

BMG-niň BÝKM-niň Sebitleýin wekiliniň sapary

view-icon 646
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýadaky wekili jenap Saber Azam bilen duşuşyk boldy. Ol iş sapary bilen türkmen paýtagtyna geldi.

Gumanitar ulgamy ýaly möhüm ugurda Türkmenistan bilen BMG-niň netijeli gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugurdaky gatnaşyklar häzir täze hile we mazmuna eýe boldy. BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine Ýetiriji Komitetiniň hemişelik agzasy bolmak bilen, Türkmenistan bosgunlara kömek bermek we olaryň hukuklaryny goramak boýunça maksada gönükdirilen işleri geçirip we bu ugurda anyk ädimleri ädip, dünýä bileleşiginiň tagallalaryna mynasyp goşandyny goşýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň esas bolup durýan halkara – hukuk resminamalaryna, şol sanda Bosgunlaryň derejesi hakynda Konwensiýa we onuň Teswirnamasyna, Apatridleriň derejesi hakynda Konwensiýa goşulmak bilen Türkmenistan öz üstüne alan borçnamalaryna, şeýle hem döwlet syýasatynyň esasyny düzýän ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylygyny iş ýüzünde tassyklaýar. Türkmenistanyň Merkezi Aziýada Apatridleriň derejesi hakynda konwensiýa goşulan ilkinji döwlet bolmagy hem bellärliklidir. Soňky ýyllarda biziň ýurdumyz belli bir sebäplere we ýagdaýlara görä, öz watanlaryny terk etmäge mejbur bolan adamlaryň ikinji öýüne öwrüldi. Mysal üçin, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken degişli Permanlaryna laýyklykda, geçen ýylyň iýul we oktýabr aýlarynda 3300-den gowrak adam Türkmenistanyň raýatlygyny aldylar.

Bellenilişi ýaly, Bitarap Türkmenistanyň ýöredýän içeri we daşary syýasaty Birleşen Milletler Guramasynyň ileri tutulýan maksatlary we wezipeleri, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça wezipeleri bilen baglydyr. Öz ylalaşdyryjylyk we döredijilik mümkinçiliklerini ählumumy bähbidiň hatyrasyna gönükdirmek arkaly türkmen döwleti giň halkara hyzmatdaşlyk nukdaýnazaryndan häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge hil taýdan täze çemeleşmeleri görkezýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň belent münberinden beýan eden hem-de dünýä bileleşiginiň giň goldawyna we ykrar etmegine eýe bolan oňyn başlangyçlary munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde eden çykyşynda Türkmenistanyň Baştutany 2012-nji ýylda BMG BÝKM bilen bilelikde Aşgabat şäherinde bosgunlary we apatridleri raýatlyga kabul etmek boýunça biziň ýurdumyzyň tejribesi bilen tanyşmaga gyzyklanma bildirýän taraplaryň gatnaşmagynda halkara duşuşygyny geçirmek boýunça teklibi öňe sürdi. Bu başlangyjyň dowamy hökmünde milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow şu aýda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bu maslahaty şu ýylyň maý aýynda geçirmegi teklip etdi.

Şunuň bilen baglylykda, DIM-de geçirilen duşuşygyň çäklerinde Aşgabatda geçiriljek Bosgunlaryň we ýeri üýtgedilen adamlaryň meseleleri boýunça ýokary derejedäki halkara maslahatyna taýýarlyk görmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu çäre BMG-niň jar eden Müňýyllygyň Ösüş Maksatlaryna ýetmegiň hatyrasyna halkara gatnaşyklaryny has-da işjeňleşdirmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolar. Pikir alyşmagyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä Bileleşiginiň sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy saklamaga gönükdirilen tagallalaryny birleşdirmek bilen baglylykda bu maslahaty geçirmek boýunça başlangyjynyň öz wagtynda öňe sürlendigi we onuň möhümdigi bellenildi. Şunda BMG BÝKM-niň biziň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge we giňetlmäge çalyşýandygy bellenildi. Birleşen Milletler Guramasy biziň ýurdumyzy ygtybarly we jogapkär hyzmatdaş hasaplaýar.

Bilelikde işlemegiň köpýyllyk oňyn tejribesiniň we däbe öwrülen gatnaşyklary giňeltmek üçin täze mümkinçilikleriň bardygyny bellemek bilen duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň hem-de BMG BÝKM-niň netijeli gatnaşyklary dowam etmäge taýýardygyny tassykladylar. Şol gatnaşyklaryň maksady bolsa adamyň hukuklaryny, abadan we mynasyp durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr.