Ï Halkara gumanitar hukugy ulgamynda hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara gumanitar hukugy ulgamynda hyzmatdaşlyk

view-icon 756
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Gyzyl Haçyň Halkara Komitetiniň (GHHK) wekiliýeti bilen duşuşyk boldy. Wekiliýete GHHK-nyň Merkezi Aziýadaky Sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy jenap Iw Arnoldi ýolbaşçylyk edýär.

Duşuşygyň maksady mundan beýläk-de netijeli gatnaşyk etmegiň anyk ädimlerini ara alyp maslahatlaşmakdan we gumanitar hukugy ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky ikitaraplaýyn resminama gol çekmekden ybarat boldy. Türkmen tarapyndan duşuşyga ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň we DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekilleri gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, dünýäniň ähli döwletleri we esasy halkara guramalary, şol sanda Gyzyl Haçyň Halkara Komiteti bilen oňyn hyzmatdaşlyk etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Duşuşykda bellenilişi ýaly, bu abraýly gumanitar guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary we GHHK-nyň strategiýasy jähetinden durmuş-gumanitar ulgamynyň dürli ugurlarynda bilelikdäki maksatnamalaryň we taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi. GHHK-nyň esasy wezipesi 1949-njy ýylyň Ženewa konwensiýasynda kesgitlenen Halkara gumanitar hukugynyň kadalary we ýörelgeleri baradaky bilimleri ýaýratmakdan we kämilleşdirmekden ybaratdyr. Türkmenistan bu resminamany 1992-nji ýylda tassyklady.

Milli kanunçylygy düýpli özgertmek, döwletiň demokratik we hukuk esaslaryny pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan toplumlaýyn maksatnamanyň esasy maksatlaryna laýyklykda ýokary hünärli hünärmenleri – hukukçylary, hünärli diplomatlary taýýarlamak boýunça hem bilelikdäki işler alnyp barylýar. Halkara hukuk kadalaryny, şol sanda gumanitar hukugynyň esasy ýörelgelerini milli kanunçylyk bilen sazlaşdyrmak şol maksatnamanyň esasy ugry bolup durýar.

Dünýä tejribesini öwrenmek boýunça özara gatnaşyklaryň, Türkmenistanyň kada-hukuk resminamalaryna halkara ülňülerini ornaşdyrmagyň çäklerinde daşary ýurtly bilermenler tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň işgärleri, Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymlary, diňleýjileri we talyplary üçin çykyşlar geçirilýär, şu maksat bilen duşuşyklar we türkmen kärdeşleriniň GDA we Ýewropa ýurtlaryna saparlary guralýar.

Şu duşuşygyň barşynda ýola goýlan oňyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek we giňeltmek maksadynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary isntitutynyň we Gyzyl Haçyň Halkara Komitetiniň Merkezi Aziýadaky Sebitleýin wekilhanasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Bu resminama türkmen ýokary okuw mekdebiniň we GHHK-nyň arasynda 2009-njy ýylda başy başlanan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilendir we onda ýokary okuw mekdebiniň okuw maksatnamasyny hem-de milli ileri tutulýan ugurlary nazara almak bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge hil taýdan täze çemeleşmeler göz öňünde tutulýar.

2008-nji ýylda açylan Türkmenistanyň Halkara gatnaşyklary institutynda häzirki wagtda halkara gatnaşyklary we diplomatiýasy, halkara hukugy, halkara ykdysady gatnaşyklar we halkara žurnalistikasy ulgamynda hünärmenler taýýarlanylýar. Şunuň bilen baglylykda, okuw maksatnamasyna halkara gumanitar hukugy boýunça sapaklary girizmek babatda bilelikde iş alyp barmak, maglumatlar serişdeler mekrezini döretmek, ylmy-barlag işleriniň geçirilmegine ýardam bermek ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde görkezildi.